Aýdaky suwuň içilip bilinjekdigi mälim edildi

“The Planetary Science Journal” žurnalynda neşir edilen makalada Aýda buz gatlaklarynyň bolup biljekdigi bellenilýär. Ýerasty buz gatlagynyň geljekde astronomlar üçin suw gory bolup hyzmat etjekdigi aýdylýar.

Geçirilen barlaglarda irki döwürlerde Ýeriň hemrasyndaky wulkanlaryň suw buguny Aýyň ýüzüne ýaýradandygy we şol suwuň buz görnüşinde saklanyp galan bolmagynyň mümkindigi anyklandy. Millionlarça ýyl ozal emele gelen wulkanlar häzirki wagtda çukurlar görnüşinde saklanyp galypdyr. Aýyň bize görünmeýän garaňky tarapynda bolsa, äpet asteroidleriň gaçmagy netijesinde çukurlar emele gelipdir.

Täze geçirilen ylmy barlag Aýyň polýuslarynyň töwereginde regolitiň (Aýda wulkanyň atylmagy netijesinde emele gelen toprak) aşagynda galyňlygy onlarça metr bolan suw gatlagynyň bolup biljekdigini ýüze çykardy.

Nowruz Abaýew, Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy

Ýene degişli makalalar

Uly Barýer rifinde balygyň täze görnüşi tapyldy
Zoologlar 2050-nji ýyla çenli haýsy haýwanlaryň ýok boljakdygyny anykladylar
Türkmenistanda bir sagatda “67 million ulagyň çykarýan zyňyndylaryna deň” metan howa syzdy
Science: asmanda görünýän ýyldyzlaryň sany geljek 18 ýylda 2,5 esse azalar
Alymlar pyýada ýöremegiň peýdasy barada aýtdylar
Ummanlaryň ýylylygy ýokarlanýar