Zoologlar 2050-nji ýyla çenli haýsy haýwanlaryň ýok boljakdygyny anykladylar

Zoologlar 2050-nji ýyla çenli haýsy haýwanlaryň ýok boljakdygyny anykladylar

2050-nji ýyla çenli Ýerde altynjy köpçülikleýin gyrylma hadysasy bolup geçer diýip, alymlar hasaplaýarlar, olaryň käbiri şu agzalan döwre çenli haýwanlaryň tas 40 göteriminiň ölüp gutarjakdygyny aýdýar. Bu barada Live Science portaly Täze Zelandiýanyň Otago uniwersitetiniň zoologiýa kafedrasynyň uly mugallymy Nik Roulensiň sözlerine salgylanyp habar berdi.

Görnüşleriň gutarnykly ýok bolmazlygy mümkin, emma täze şertlere uýgunlaşmagy başarmadyk jandarlaryň ýaşaýan çäkleridir sany görnetin azalar. Bu bolsa uzagyndan olaryň ýitip ýok bolmagyna elter diýip, Roulens nygtady.

Tebigaty goramagyň Halkara bileleşiginiň Gyzyl kitabynyň maglumatlaryna görä, häzir 41 müň töweregi görnüş ýitip ýok bolmagyň öňüsyrasynda dur. Olaryň arasynda sumatra orangutany (Pongo abelii), uzakgündogar alajagaňlaňy (Panthera pardus orientalis), sumatra pili (Elephas maximus sumatranus), gara şahburun (Diceros bicornis) we başga-da köp sanly jandarlar bar.

Bu görnüşleriň köpüsi 2050-nji ýyla çenli ýaşap bilmese gerek. Mysal üçin, ýabany tebigatda uzakgündogar alajagaplaňynyň diňe 70 sanysy we kaliforniýa deňiz doňuzynyň 10 sanysy galdy.

Alymlaryň aýtmagyna görä, adamyň tebigata täsiri görnüşleriň ýitip ýok bolmagyny has-da çaltlandyryp biler.

Ýene degişli makalalar

Zoologlaryň täze çaklamalary
Uly Barýer rifinde balygyň täze görnüşi tapyldy
Tebigatyň täze kanuny öňe sürüldi
Agaçlar howpsuz araçägi saklaýar
Science: asmanda görünýän ýyldyzlaryň sany geljek 18 ýylda 2,5 esse azalar
Alymlar pyýada ýöremegiň peýdasy barada aýtdylar