Zoologlaryň täze çaklamalary

Alymlaryň pikiriçe, 2050-nji ýyla çenli Ýer ýüzünde altynjy köpçülikleýin gyrylma hadysasy bolup, haýwan görnüşleriniň 40%-iniň ýitip gitmek ähtimallygy bar. Bu barada “Live Science” portaly Täze Zelandiýanyň Otago uniwersitetiniň zoologiýa kafedrasynyň uly mugallymy Nik Roulensiň sözlerine salgylanyp mälim etdi.

-Görnüşleriň bütinleý ýok bolmazlygy hem mümkin, ýöne täze şertlere çydamadyk haýwanlaryň ýaşaýan çäkleri hem-de sany mese-mälim azalar. Bu bolsa uzagyndan olaryň ýitip ýok bolmagyna sebäp bolar – diýip, Roulens belledi.

Tebigaty goramak boýunça halkara bileleşiginiň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda, takmynan, 41 müň görnüşli jandara ýitip ýok bolmak howpy abanýar.Olaryň arasynda sumatra orangutany (Pongo abelii), uzakgündogar alajagaňlaňy (Panthera pardus orientalis), sumatra pili (Elephas maximus sumatranus), gara şahburun (Diceros bicornis) we başga-da köp sanly haýwanlar bar.

Bu görnüşleriň köpüsiniň 2050-nji ýyla çenli ýaşap bilmejekdigi çaklanylýar.Mysal üçin, ýabany tebigatda, diňe, 70 Amur gaplaňy, 10 sany hem Kaliforniýa deňiz doňuzy galypdyr.Roulensiň pikiriçe, adam işjeňligi şeýle görnüşleriň ýok bolmak tizligini ep-esli çaltlaşdyryp biler.

Ýene degişli makalalar

Zoologlar 2050-nji ýyla çenli haýsy haýwanlaryň ýok boljakdygyny anykladylar
Tebigatyň täze kanuny öňe sürüldi
Uly Barýer rifinde balygyň täze görnüşi tapyldy
Agaçlar howpsuz araçägi saklaýar
Çekirtgeler dünýäniň azyk howpsuzlygyna howp salyp biler
Science: asmanda görünýän ýyldyzlaryň sany geljek 18 ýylda 2,5 esse azalar