Halkara halypaçylyk güni

Halkara halypaçylyk güni her ýylyň 17-nji ýanwarynda bellenilýär.Bu dynç alyş, köpçülige terbiýeçilik we onuň ähmiýeti barada bilim bermek, global terbiýeçilik hereketini öňe sürmek we adamlary halypalaryna, geçmişine we şu gününe minnetdarlyk bildirmek üçin döredildi.

Halypa tejribesi az, köplenç ýaş adama kömek we maslahat berýän adamdyr.Mugallymyň ugrukdyrmak, höweslendirmek işine halypaçylyk diýilýär.Halypaçylyk tälimçiden tapawutlanýar, beýleki zatlar bilen bir hatarda, halypa tälimçiden has göni görkezme berýär.

Halypaçylygyň taryhy gadymy döwürlerden we Gadymy Gresiýadan gözbaş alýar.Köplenç halypalara ýüzlenmek üçin ulanylýan “halypa” sözüniň iňlisçesi bolan “mentor” (beýleki birnäçe dilde hem şoňa meňzeş görnüşde gabat gelýär) Gomeriň Odisseýindäki bir gahrymanyň adyndan gelip çykýar. 1990-njy ýylda esaslandyrylan ABŞ-nyň MENTOR Halkara halypaçylyk guramasy 2016-njy ýylda halypaçylyk senesini döredýär.

Gurama ýaşlarda terbiýeçilik meýdançasyny döretmegi we terbiýeçilik hereketini ösdürmegi maksat edinýär.Halypaçylyk güni dünýäniň köp sanly muşdaklarynyň halypasy bolan, meşhur professional boksçy Muhammed Aliniň mirasyna hormat goýmak üçin onuň doglan güni saýlandy.

Ilkinji halkara halypaçylyk güni 2017-nji ýylda bellendi.

Aýgül HALLYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Asyryň süýji miwesi
Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli suratkeşiň döredijiligine bagyşlanan sergi
Hasyl bolan arzuw
ÖRKÜNI AÝDYMA BAGLAN BAGŞY
AMAN GULMÄMMEDOW MILLI TEATR SUNGATYNY ESASLANDYRYJY
Türkmeniň saýrak bilbili