Halkara maliýe gurluşlary Türkmenistanyň resmi maglumatlarynyň ygtybarly däldigini aýdyp, olary ulanmakdan ýüz öwürýärkä, Berdimuhamedow IHD-niň ösýändigini tekrarlaýar

Halkara maliýe gurluşlary Türkmenistanyň resmi maglumatlarynyň ygtybarly däldigini aýdyp, olary ulanmakdan ýüz öwürýärkä, Berdimuhamedow IHD-niň ösýändigini tekrarlaýar

30-njy iýulda Awazada geçen göçme hökümet maslahatynda prezident Berdimuhamedow 2021-nji ýylyň 7 aýynda içerki haryt dolanşygynyň (IHD) 6,2 göterim ösendigini aýtdy.

Bu barada hökümetiň tarapdary bolan “orient.tm” neşiri habar berýär.

Şeýlede Berdimuhamedow dünýäde koronawirus ýokanjy sebäpli kynçylyklara garamazdan, ýurtda şäher tipli şäherçeleriň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, bilim, saglyk edaralarynyň we beýleki desgalaryň gurulýandygyny belledi.

Şol bir wagtyň özünde, “Türkmenistanyň Hronikasy” mundan öňki maglumatlarynda halkara maliýe gurluşlarynyň we Beýik Britaniýanyň Türkmenistanyň ýaýrdýan ykdysady görkezijileriniň ygtybarly däldigini aýdyp, olary ulanmakdan boýun gaçyrandygy habar berilipdi.

Aprel aýynyň ahyrynda berlen habarlara görä, Britaniýanyň DIM-ligi Türkmenistanyň ykdysady görkezijileri baradaky maglumat bülitenini täzeledi.

Britaniýanyň DIM-gi dünýäniň 180 ýurdynyň esasy ykdysady görkezijileri barada iki sahypalyk resminamalary taýýarlaýar.

Statistiki bellikde käbir görkezijileriň ygtybarly däl ýada syýasy taýdan “çişirilen” bolmagynyň ähtimaldygy nygtalypdy.

Bellesek, bu resminama taýýarlananda, Bütindünýä Pul Gaznasynyň (BPG) maglumatlary peýdalanylypdy we 2020-nji ýylda Türkmenistanyň IHD-niň ösüşi 0,8 göterim boldy diýilýär.

Mundan öň BPG-sy Türkmenistanyň ykdysady görkezijilerine baha bermek we maglumatlar taýýarlamak üçin ýurdyň ykdysady hem maliýe ministrliginiň sanlaryny ulanýardy.

Emma, BPG-nyň täze hasabatynda geçen ýyl Türkmenistanyň IHD-niň ösüşiniň 0,8 göterim bolandygy aýdyldy.

BPG ilkinji gezek resmi statistiki maglumatlary ulanmady.The post Halkara maliýe gurluşlary Türkmenistanyň resmi maglumatlarynyň ygtybarly däldigini aýdyp, olary ulanmakdan ýüz öwürýärkä, Berdimuhamedow IHD-niň ösýändigini tekrarlaýar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Pekin Aşgabady gaz hyzmatdaşlygyny giňeltmäge’ çagyrýar, bilermen Hytaýa doly garaşly galmak’ howpuny duýdurýar
Belarusyň we Türkmenistanyň esasy poçta kompaniýalary hyzmatdaşlygy dowam etdirer
Deňizlerdäki täze howp
Türkmen-Tranzit IT kompaniýasy Türkmenbaşydaky şahamçasyna işe çagyrýar
Azerbaýjan türkmen gazynyň eksporty üçin Transhazar gaz geçirijisini goldap biler
Dünýäniň iň iri polat eredijisi planetany halas etmek kararyna geldi