Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenler sylaglandy

Şu gün, 3-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Awaza sport toplumynyň sportuň oýun görnüşleri binasynda iri sport ýaryşlarynda Russiýa Federasiýasynda awtomobil sportunyň ralli-reýd görnüşi boýunça guralan Ýüpek ýoly — 2022 atly halkara ýaryşda hem-de Özbegistanyň Daşkent şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda baýrakly orunlary eýelän türkmen türgenlerini sylaglamak dabarasy boldy.Açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda şu günler zähmet rugsadynda bolýan ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzüminiň agzalary Diýarymyzyň sport ulgamynda ýetilen sepgitleri we gazanylan üstünlikleri açyp görkezýän sergi bilen tanyşdylar. Çäräniň başynda hormatly Prezidentimiziň halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine iberen Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi.Soňra ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Şolaryň hatarynda Daşkent şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda altyn medallara mynasyp bolan türgenler Medine Amanowa hem-de Saparly Muhyýew, Russiýa Federasiýasynda guralan Ýüpek ýoly — 2022 halkara rallisiniň ýolsuz ýerden hereket edýän ulaglaryň ýaryşynda birinji orny eýelän türkmen ekipažçylary Merdan Toýlyýew bilen Şöhrat Toýlyýew bar.

Türgenlere dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiziň adyndan, şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

Awtoralli ýaryşynyň ýeňijilerine döwlet Baştutanymyzyň adyndan Nissan Pathfinder sport awtoulagynyň açarynyň berilmegi bolsa türgenlerde aýratyn hoşallyk duýgusyny döretdi.Ýeri gelende bellesek, ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan Moskwa şäherleriniň aralygynda geçirilen Ýüpek ýoly — 2022 atly halkara rallide türkmen türgenleri ýolsuz ýerden hereket edýän ulaglaryň (T2) arasyndaky ýaryşda örän şowly çykyş edip, ýokary netijeleri görkezdiler.

Hususan-da, ussat sürüjiler Merdan Toýlyýew bilen Şöhrat Toýlyýew hormat münberiniň birinji, Şamyrat Gurbanow bilen Muhammetmyrat Gurbanow ikinji, Maksatmyrat Daňatarow bilen Didar Orazmedow bolsa üçünji basgançagyna çykmagy başardylar. Özbegistanyň Daşkent şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda bolsa Türkmenistanyň ýetginjekler hem-de ýaşlar ýygyndy toparlary jemi 20 medala mynasyp boldy.

Onda 21 döwletden 260-dan gowrak türgen birbada iki ýaş derejesinde yklymyň çempionlygy ugrunda göreş alyp bardy.

Ýene degişli makalalar

Sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan türkmen türgenleri sylaglanyldy
Ýüpek ýoly ― 2023 rallisi tamamlandy: türkmenistanly sürüjiler ikinji we üçünji orunlary eýelediler
Türkmenistanly sürüjiler Ýüpek ýoly ― 2023 rallisiniň jemleýji tapgyrynda hem öňdäki üç ornuň ikisini eýelediler
Ýüpek ýoly rallisiniň nobatdaky tapgyrynda türkmenistanly sürüjiler ikinji we üçünji orunlary eýelediler
Türkmenistanyň Prezidenti Hökümet agzalaryna 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç almaga rugsat berdi, Türkmenistanyň ilatynyň sany 7 million adamdan gowrak boldy, Aşgabatda ilkinji saglyk festiwaly geçiriler we beýleki habarlar
Ildeşlerimiziň ralli ýaryşyndaky üstünligi