Merdan we Şöhrat Toýlyýewlere Nissan Pathfinder sport awtoulagy sowgat berildi

Merdan we Şöhrat Toýlyýewlere Nissan Pathfinder sport awtoulagy sowgat berildi

Türkmenistan gazetiniň elektron neşirine salgylanyp, ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Awaza sport toplumynyň sportuň oýun görnüşleri binasynda iri sport ýaryşlarynda — Russiýa Federasiýasynda awtomobil sportunyň ralli-reýd görnüşi boýunça guralan Ýüpek ýoly — 2022 atly halkara ýaryşda hem-de Özbegistanyň Daşkent şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda baýrakly orunlary eýelän türkmen türgenlerini sylaglamak dabarasy boldy.

Sylaglanyş dabarasynda Russiýa Federasiýasynda guralan Ýüpek ýoly — 2022 halkara rallisiniň ýolsuz ýerden hereket edýän ulaglaryň ýaryşynda birinji orny eýelän türkmen ekipažçylary Merdan Toýlyýew bilen Şöhrat Toýlyýewe Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan, şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň gymmat bahaly sowgatlary bilen birlikde, döwlet Baştutanynyň adyndan Nissan Pathfinder sport awtoulagynyň açarynyň gowşurylmagy Türkmenistanda awtomobil sportuny ösdürilmäge aýratyn üns berilýändiginiň subutnamasy boldy.

Ýeri gelende bellesek, ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan — Moskwa şäherleriniň aralygynda geçirilen Ýüpek ýoly — 2022 atly halkara rallide türkmen türgenleri ýolsuz ýerden hereket edýän ulaglaryň (T2) arasyndaky ýaryşda örän şowly çykyş edip, ýokary netijeleri görkezdiler.

Hususan-da, ussat sürüjiler Merdan Toýlyýew bilen Şöhrat Toýlyýew hormat münberiniň birinji, Şamyrat Gurbanow bilen Muhammetmyrat Gurbanow ikinji, Maksatmyrat Daňatarow bilen Didar Orazmedow bolsa üçünji basgançagyna çykmagy başardylar.

Ýene degişli makalalar

Ýüpek ýoly ― 2023 rallisi tamamlandy: türkmenistanly sürüjiler ikinji we üçünji orunlary eýelediler
Türkmenistanyň Prezidenti Hökümet agzalaryna 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç almaga rugsat berdi, Türkmenistanyň ilatynyň sany 7 million adamdan gowrak boldy, Aşgabatda ilkinji saglyk festiwaly geçiriler we beýleki habarlar
Ýüpek ýoly rallisiniň nobatdaky tapgyrynda türkmenistanly sürüjiler ikinji we üçünji orunlary eýelediler
Türkmenistanly sürüjiler Ýüpek ýoly ― 2023 rallisiniň jemleýji tapgyrynda hem öňdäki üç ornuň ikisini eýelediler
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenler sylaglandy