Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Pars şygryýeti, edebiýaty we Şahriýary ýatlama atly çäre geçirildi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Pars şygryýeti, edebiýaty we Şahriýary ýatlama atly çäre geçirildi

2-nji oktýabrda Aşgabat şäherindäki Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mejlisler zalynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandak ilçihanasy tarapyndan bu ýokary okuw mekdebi bilen bilelikde Pars şygryýeti, edebiýaty we Şahriýary ýatlama atly çäre geçirildi.

Oňa Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbap Hales, Eýranyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli, ilçihananyň işgärleri, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Esen Aýdogdyýew, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary, talyplary, Eýranyň Medeniýet merkeziniň işgärleri hem-de pars dilini öwrenijiler gatnaşdylar.

Çärede Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Esen Aýdogdyýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbap Hales we Eýranyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli türkmen we eýran halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar, medeni umumylyklar, dil, şygryýet we edebiýat barada çykyş etdiler.

Mundan başga-da geçirilen dabaraly çärede pars şygryýeti we edebiýaty barada wideoşekil görkezildi. Eýranyň Medeniýet merkeziniň pars dilini öwrenijileri tarapyndan Şahriýaryň durmuşyna degişli sahna oýny ýerine ýetirilip, ol tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrdy.

Şeýle hem Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary we Eýranyň Medeniýet merkeziniň pars dilini öwrenijileri tarapyndan Magtymguly Pyragynyň hem-de Şahriýaryň goşgulary okaldy. Dabaraly çäre Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde pars dilindäki aýdym we tans bilen jemlendi. Dabaranyň ahyrynda çykyş edenleriň ählisine Eýranyň Medeniýet merkezi tarapyndan hödür-kerem edildi we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Şeýle-de, ýokary okuw mekdebiniň eýwanynda eýran we türkmen halklarynyň taryhyna, däp-dessurlaryna, medeni gymmatlyklaryna, el işlerine bagyşlanan sergi guraldy. Sergi-de Magtymguly Pyragynyň we Şahriýaryň hem dürli dillerde neşir edilen eserleri görkezilişe çykaryldy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Hafyz Şiraza bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Abu Aly ibn Sina bagyşlanyp çäre geçirildi
Dünýäniň beýik gazalçy şahyry Hafyzy ýatlama güni atly çäre geçirildi
Aşgabatda mübärek oraza aýy mynasybetli çäre geçirildi
Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik işini tamamlaýar
Noýabr aýynda Aşgabatda eýran harytlarynyň sergisi geçiriler