Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Abu Aly ibn Sina bagyşlanyp çäre geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Abu Aly ibn Sina bagyşlanyp çäre geçirildi

Aşgabat şäherinde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet merkeziniň bilelikde guramagynda bu ýokary okuw jaýynyň mejlisler zalynda Abu Aly ibn Sina bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi.

23-nji oktýabrda geçirilen çärä Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbap Hales, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli, ilçihananyň işgärleri, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory, ýokary okuw jaýynyň mugallymlarydyr talyplary we Eýranyň Medeniýet merkeziniň işgärleri we pars dili öwrenijileri gatnaşdylar.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbap Hales türkmen halkynyň Milli Liderine we Türkmenistanyň hormatly Prezidentine sagbolsun aýdyp, filosof, psiholog, akyldar, lukman Abu Aly ibn Sinanyň ylymdaky orny barada giňişleýin çykyş etdi.

Dabaraly çäre Abu Aly ibn Sina we Eýranyň saglygy goraýyş ulgamynda gazananlary barada wideoşekil, alymyň bejerijilik ukyby barada sahna oýny, Eýranyň Medeniýet merkezi, lukmançylyk uniwersitetiň mugallymlarydyr talyplary we pars dili öwrenijileri tarapyndan gyzykly çykyşlar görkezildi.

Şeýle hem çärede Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkezi tarapyndan ýokary okuw jaýynyň ýolbaşçylaryna, talyplaryna, çärede çykyş eden pars dili öwrenijilere ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Ýokary okuw jaýynda geçirilen çärede iki ýurduň el işleri we amaly-haşam sungatyna degişli umumy sergi guralyp, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi, medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi we ýokary okuw mekdebiniň rektory sergä aýlanyp gördüler.

Ýene degişli makalalar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Pars şygryýeti, edebiýaty we Şahriýary ýatlama atly çäre geçirildi
Dünýäniň beýik gazalçy şahyry Hafyzy ýatlama güni atly çäre geçirildi
Aşgabatda Hafyz Şiraza bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi
Eýranyň telewideniýesi YHG-niň Aşgabatda geçen sammitine bagyşlanan dokumental filmi görkezdi
Aşgabatda Türkmenistan ― Eýran gatnaşyklarynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabara geçirildi
Türkmenistanda Eýranologiýa makalany ýazmak bäsleşiginiň ýeňijilerini bellemek