Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine täze rektor bellenildi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine täze rektor bellenildi

Ozal habar berşimiz ýaly, Esen Muhammedowiç Aýdogdyýew, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenilmegi bilen baglylykda, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory wezipesinden boşadyldy.

Şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory wezipesine Maral Mämmetberdiýewna Kuliýewa bellenilip, ol Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10-njy noýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri
Magtymguly, sözlerim saza goşsaň uz bolar
Halow Muhammetgulyýewiň 70 ýaşy mynasybetli dabara geçirildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Aşgabatda talyplaryň arasynda ekologiýa boýunça bäsleşik geçirildi