Magtymguly, sözlerim saza goşsaň uz bolar

Magtymguly, sözlerim saza goşsaň uz bolar

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň bilelikde gurnamagynda Magtymguly, sözlerim saza goşsaň uz bolar atly ylmy we dabaraly brifing geçirildi.

İlki bilen dabaraly çäräni bagşylar aýdym-sazlary bilen açdylar. Ýagny, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Merdan Baýramowyň ýerine ýetirmeginde Magtymguly Pyragynyň şygry esasynda Türkmeniň halk aýdymyny ýerine ýetirildi.

Aýdym ýerine ýetirilenden soňra ylmy we dabaraly brifingi Altyn asyr teleýaýlymynyň Bagtyýarlyk ýoly bölüminiň müdiri, alypbaryjy Aýjemal Annaýewa giriş sözleri bilen alyp bardy.

Brifingde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň halypa mugallymlary bilen bilelikde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halypa mugallymlary bilelikde çykyş etdiler.

İlki bilen çykyş etmek gezegi Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ilkinji zenanlar guramasynyň we Parahatçylyk dilleri we ÝUNESKO Klubynyň başlygy Ogulsabyr Berdiýewa brifingiň maksadyny we wezipelerini, ugur alýan ýörelgelerini, esasy mazmunyny hem-de Magtymguly Pyragynyň Paş eder seni we Aýa döndi şygyrlarynyň öwüt beriji ähmiýeti dogrusynda belläp geçdi.

Türkmenistanyň halk artisti Şemşat Hojaýewanyň ýerine ýetirmeginde bolsa Magtymguly Pyragynyň şol şygyrlarynyň aýdym görnüşi hökmünde ýerine ýetirildi.

Soňra şol institutyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Altyn Rozyýewa Magtymguly Pyragynyň Mert bolmaz we Ýekäniň atly şygyrlarynyň mazmun we ideýa taýdan aýratynlyklaryny açyp görkezip, şolar barada gürrüň berdi. Çykyşyň soňunda şol şygyrlar esasynda Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Garýagdy Saryýewiň ýerine ýetirmeginde Magtymguly Pyragynyň adybir halk aýdymlaryny ýaňlandy.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy Maral Hojadowa bolsa Magtymguly Pyragynyň Göze myhmandyr we Jem bolup atly şygyrlarynyň mazmunyny düşündirip, şol şygyrlaryň esasynda Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Merdan Baýramow adybir halk aýdymlaryny ýerine ýetirdi.

Dabaraly brifingiň dowamynda şol institutyň uly mugallymy, Güljahan Gurbanmyradowa hem öz çykyşyny dowam etdirdi. Ol Magtymguly Pyragynyň Döwleti maly bolmasa we Şalyk bile atly şygyrlarynyň mazmunyny düşündirdi. Ol aýdymlary bolsa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy, ussat dessançy bagşy Kerwen Ýowbasarowyň ýerine ýetirmeginde ýaňlandy.

Dabaraly ylmy brifingi başdan soňuna çenli Aýjemal Annaýewa alyp bardy. Onuň jemleýji sözleriniň esasynda Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Merdan Baýramow Pyragynyň şygry esasynda Döwran bu gün atly Ahal ýoluna mahsus meşhur halk aýdymyny ýerine ýetirip dabaraly ylmy brifingi jemledi.

Bu brifing barada aýtsak akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň şygyrlary barada mugallymlar birnäçe gyzykly gürrüňler edildi, talyplaryň beren soraglaryna hem ýerlikli jogaplar berildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Berkarardyr Ýaşyl tugly Watanym
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
07.03.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy