Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary halkara bäsleşiklerde şowly çykyş etdiler

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary halkara bäsleşiklerde şowly çykyş etdiler

Italiýanyň Bolonýa uniwersitetinde halkara hukuk mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda 21-nji araçyllyk bäsleşigi geçirildi.

Jedelleri çözmek boýunça halkara akademiýa (INADR) tarapyndan guralan ýokary derejeli halkara bäsleşikde Türkmenistandan Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň topary üstünlikli çykyş edip, Spirit Award we Active and Best Participation sylagyna mynasyp bolmagy başardy.

Türkmen wekiliýetiniň düzüminde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy Şagadam Baýramdurdyýew, şol ýokary okuw mekdebiniň talyplary Sähetgylyç Abdyýew, Serwi Nuryýewa we Abdyleziz Saryýew bar.

Ýeri gelende bellesek, türkmen talyplary bu halkara bäsleşige ilkinji gezek gatnaşdylar. Nobatdaky bäsleşige dünýäniň 23 döwletinden 42 uniwersitet gatnaşdy.

7 — 12-nji martda Demirgazyk Makedoniýanyň Struga şäherinde ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň arasynda matematika dersi boýunça 17-nji halkara SEEMOUS — 2023 bäsleşigi geçirildi.

Onda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň topary umumy netije boýunça bäsleşigiň 2-nji ornuna mynasyp boldy.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Myratgeldi Annamuhammedow, Nurmyrat Ataýew kümüş medal, Rüstem Bekow, Medine Ödäýewa, Azymgeldi Şyhow, Döwletmyrat Esenow dagy bürünç medal gazandylar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Lebap Handmade Exports bäsleşiginiň çäginde senetçilik sergisi guraldy
Türkmenistanda Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryny sylaglamak dabarasy geçirildi, Serdar Berdimuhamedow patyşa Karl III-ä täç geýdirmek dabarasyna gatnaşdy, FlyDubai Dubaýdan Aşgabada uçuşlaryň sanyny artdyrdy we beýleki habarlar
Türkmenistanly samboçylar ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda dört medal gazandylar
N. Andalyp adyndaky sazly-drama teatrda Çingiz Aýtmatowyň powesti boýunça oýun goýulýar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
07.09.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary