Halklaryň dostlugy at bilen konsert geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň estrada orkestri we estrada sungaty kafedrasynyň talyplary Halklaryň dostlugy atly konsert bilen çykyş etdiler.Konsertiň maksady dürli ýurtlaryň halklarynyň arasyndaky parahatçylykly hyzmatdaşlyga goşant goşmak bolup durýar.

Estradanyň wokal žanry tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekijiligi bilen tapawutlanýar.Konsertde milli wokal eserlerinden başga-da Türkiýe, Hindi, Braziliýa, Azerbaýjan, Gruziýa, Özbegistan ýaly daşary ýurtlaryň aýdymlary ýaňlandy.Her bir ýurduň bolsa özboluşly ýerine ýetirijilik ussatlygy bar.

Konsert kompozitor Çary Nurymowyň Çüw, atym!aýdymy bilen başlady. Ýerine ýetiriji Sahy Allaýarow edermen ýigidiň keşbinde çykyş etdi.Kerwen Annaýew we Isgender Nurmuhammedow Sari gälin azerbaýjan halk aýdymy bilen sary köýnekli gelniň gözelligini wasp etdiler.

Mimino kinofilminden Çita-brita atly şadyýan aýdymy bilen Sahy Allaýarow şowhunly çykyş etdi, tomaşaçylar hem el çarpyşmalar bilen aýdymçyny goldadylar.Konsertde Tansor disko kinofilminden alnan hindi aýdymy, brazil aýdymçysy Mişela Telonyň ýerine ýetiren aýdymlaryndan alnan Nоsа aýdymy, türk aýdymçysy Ibrahim Tatlisesiň ýerine ýetiren aýdymlaryndan Hadi-hadi aýdymy we başgalar ýaňlandy.

Konsert Sahy Allaýarowyň ýerine ýetirmeginde Atabaý Çarygulyýewiň Arabyň gyzy aýdymy bilen tamamlandy.Tomaşaçylar aýdymçylary, orkestriň sazandalaryny, aýratyn-da dirižýor, estrada sungaty kafedrasynyň müdiri Maýsa Mämmetjumaýewany şowhunly el çarpyşmalar we güller bilen garşy aldylar.

Ýene degişli makalalar

Nobel baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi
Nabat Nurmuhammedowa we Amanbibi Welmyradowa bagyşlanan hatyra agşamy
Türkmenistanyň Prezidenti Nýu-Ýorkda Günorta Koreýanyň Prezidenti bilen duşuşdy
Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşyk geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş direktory bilen duşuşdy
Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Wekilleri Ertir Brýusselde Duşuşar