Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşyk geçirdi

Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşyk geçirdi

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

BMG-niň Sekretariatynyň binasynda geçirilen duşuşygyň barşynda Antoniu Guterriş Türkmenistanyň Döwlet Baştutanyny mähirli garşylady we ählumumy foruma gatnaşýandygy üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlykda işjeň orun eýeleýändigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretaryny Baş Assambleýanyň 78-nji mejlisiniň üstünlikli başlanmagy bilen gutlady we bu mejlisiň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak işine hem-de dünýäde durnukly ösüşi ilerletmäge möhüm goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur almak bilen, sebitiň we tutuş dünýäniň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasy ugry amala aşyrylýandygy nygtaldy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala, Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel, Günorta Koreýanyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy.

Ýene degişli makalalar

Bütindünýä ykdysady forumy başlady
BMG-niň Baş sekretarynyň wezipesine dalaşgärler bilen söhbetdeşlikler aprel aýynda başlanar
Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlyk strategik we uzak möhletleýin häsiýete eýedir
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen gepleşik geçirdi
Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli maslahat geçirildi