HALKYŇ SAGLYGY-DÖWLETIŇ BAÝLYGY

Bütindünýä saglyk güni ynsan saglygyna, bedenterbiýe we sporta aýratyn ähmiýet berilýän hem-de ynsanperwerligiň belent däplerini dabaralandyrýan halkara baýramdyr. Şonuň üçin her ýylyň 7-nji aprelinde, asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edýän dürli baýramçylyk çäreleri geçirilýär.

Bu gün hem Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde baýramçylyga bagyşlanan Halkyň saglygy — döwletiň baýlygy atly sergi gurnaldy.Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýewgeniýa Adamowanyň Donorçylar, Çary Amangeldiýewiň Türkmenistanyň ylymlar akademiýanyň akademigi Boris Smirnow, Annadurdy Almämmedowyň Futbolçylar, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Nyýazmyrat Dowodowyň Medisina ylymlarynyň doktory, professor Aýsoltan Mämmetgulyýewa, Şepagat uýasy ýaly ajaýyp nakgaş eserleri görkezilýär.

Türkmenistan döwletimizi sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwürmäge, ösüp gelýän ýaş nesilleri beden we ruhy taýdan sagdyn terbiýelemäge uly goşant goşýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun!

Döwlet ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Taryhy nagyşlarda haly waspy
Şekillendiriş sungaty muzeýiniň sergisi Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanýar
Şekillendiriş sungaty muzeýiniň sergisinde ata-eneleriň waspy
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde ýylyň şygaryna bagyşlanan sergiler geçirilýär
Göçme sergi