Halypa hatyrasy

Ol wagtlar men Aşgabadyň öňki Gara Seýitliýew adyndaky medeni aň-bilim tehnikumynyň köpçülik çäreleriniň režissýory bölüminde gaýybana okaýardym.Men bir saý-sebäp bilen türkmen telewideniýesine barmaly boldum.

Meni türkmen telewideniýesiniň baş režissýory bolup işleýän, Türkmenistanyň at gazanan artisti Oraz Çerkezow güler ýüz bilen garşy aldy.Oraz aga hal-ahwal soraşandan soň meniň okuwym barada sorady.

Men sungata höwes edýändigimi, režissýorçylyk kärini halaýandygymy halypa gürrüň berdim. Şonda ol okuwymyň gapdalyndan telewideniýede režissýoryň kömekçisi bolup işlemegimi teklip etdi.Men halypanyň teklibine razydygymy aýtdym. Şeýdibem men 1984-nji ýylyň maý aýynda telewideniýede işläp başladym.

Okuw bilen işi utgaşdyryp alyp gitdim.Oraz agany halk köpçüligi türkmen telewideniýesinde surata düşürilen Magtymguly atly filmi bilen hem tanaýan bolsalar gerek.Oraz aga bu filmde aktýor hökmünde Magtymgulynyň keşbini hem janlandyrypdy.

Bu film mawy ekran arkaly ençeme gezek halk köpçüligine ýetirilip, tomaşaçylar tarapyndan oňat garşy alnypdy. Şeýdibem halypam Oraz aganyň goldaw bermegi netijesinde maňa-da sungat älemine aralaşmak, telewideniýede režissýor bolup işlemek, döretmek bagty miýesser edipdi. Köpleriň halypasy aktýor hem režissýor Oraz Çerkezow telewideniýede işlän döwründe ençeme şägirtleri ýetişdiripdi. Režissýorçylyk eden filmleriniň köpüsinde aktýor hökmünde-de çykyş edipdi.

Oraz Çerkezow 1935-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda dünýä inýär.Mekdebiň ýedinji synpyny tamamlan Oraz lukman bolmagy arzuw edýär.Bu arzuw ony Aşgabatdaky lukmanlary taýýarlaýan uçilişşä alyp gelýär.

Ol okuwa resminamalaryny tabşyryp, döwlet synaglaryndan üstünlikli geçip, okuwa başlaýar.Ol okuwa ymykly öwrenişip, ýaňy ýola düşüp başlanda, arzuw eden durmuşy bilen arasy üzülýär.Deň-duşlary, mähriban mugallymlary ýertitremesi zerarly kesegiň astynda galýar.

Orazyň ýüregi gysyp başlaýar.Ol öýe sygmaýar.Oraz otla münüp öýlerine ugraýar.Orazyň okuwyny taşlap gaýdanyny kakasy birnäçe günden soň eşidipdir.Ol oglunyň başlan okuwyny taşlap gaýtmagyny oňlamandyr.

Kakasy oňa gündizine oba kitaphanasynda işläp, gijesine bolsa agşamky okuwda okamagy teklip edýär. Şeýdip Oraz agşamky mekdepde okuwyny dowam etdirýär. 1953-nji ýylda agşamky mekdebi tamamlan Oraz ýene-de paýtagta gaýdýar.

Gelşine-de şol wagtky lukmançylyk institutyna resminamalaryny tabşyryp, döwlet synaglaryndan üstünlikli geçip, okuwa başlaýar we derrew ökde talyplaryň hataryna goşulýar.Okuwa bolan höwesi bilen ol bir ýylyň nähili geçenini hem duýmaýar.

Tomus dynç alyşda obasyna gelen Oraz öňki dosty Ata Alowowa duşýar.Ata Oraza Daşkendiň A.N.Ostrowskiý adyndaky teatr-çeperçilik institutynyň aktýorçylyk bölümine talyplyga höwesek oglan-gyzlary saýlap almaga Aşgabatdan ussat Alty Garlyýewiň gelendigini, şol okuwa gitmekçidigini aýdýar. Şondan soň Orazam dostunyň okajak okuwyna höwes edýär.

Emma muňa Orazyň kakasy çürt-kesik garşy çykýar.Ol oglunyň lukmançylyk okuwyny taşlajagyna gynanýar.Ahyrynda Alty Garlyýewiň ýardam bermegi bilen Oraz sahna ussatlaryny taýýarlaýan ylym ojagynyň gapysyny açýar.

Ol bu ýerde sahnada hereket etmegiň, keşp döretmegiň inçe syrlaryny öwrenýär.Orazyň beýleki talyp ýoldaşlaryndan birjigem pes oturmaýandygy, käbir ýagdaýlarda bolsa onda üýtgeşik tebigy zehiniň şineleriniň ýüze çykyp ugrandygy eýýäm okuwyň ilkinji ýyllaryndan bildirip başlaýar. Şekspiriň Otello pýesasynyň türkmen dilinde sahnada goýulmagy, Otellonyň keşbini döretmegiň ýaş Oraza ynanylmagy, ýene-de bir uly zehiniň türkmeniň teatr sungatyna goşuljakdygyny äşgär edýär. 1960-njy ýylda instituty tapawutlanan diplom bilen tamamlan ýaş aktýor ýurdumyzyň öňki Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň gapysyndan ätleýär.

Oňa teatr sungatynyň ägirtleri Aman Gulmämmedow, Bazar Amanow, Ata Durdyýew ýaly ussatlar bilen bir sahnada egin-egne berip işlemek, keşp janlandyrmak bagty miýesser edýär.

— Bir gezek sahnada Keýmir kör spektakly goýuldy. Şonda Nedir şanyň keşbini janlandyrmagy maňa ynandylar.Bu örän jogapkärli keşpdi. Şonuň üçinem keşbiň şowly çykmagy üçin men köp zähmet çekmeli boldum.

Gazaply, ýüz-gözünden gar ýagyp duran şa, öz oglunyň gözlerini oýmagy jellatlara tabşyrýar.Maňa bu keşbi has gazaply, gylyjyndan gan damyp duran edip janlandyrmak başartdy.Emma Nedir şanyň ah urup, puşman edýän ýerine gezek gelende men biraz aljyradym.

Bir sahnada iki hili bolmak maňa ýeňil düşmedi. Şonda spektaklyň režissýory maňa ozal şu keşbi döreden ussat halypa Bazar Amanowa ýüz tutmagy maslahat berdi.Bazar aga maňa şol keşpde nähili hereket etmelidigini öwretdi.

Eger şol wagt Bazar aga bolmadyk bolsa men şol keşbiň golaýyna-da baryp bilmezdim diýip, Oraz aga şol bolup geçen wakany soň-soňlaram bize gürrüň bererdi.

Oraz aga bütin durky bilen sungata berlen, hakdan içen ussatdy.Sahnadaky we ekrandaky şowly ädimleri onuň adygyp gitmegine, il içinde tanalmagyna itergi bolupdy.Muňa mysal hökmünde Hamza Hakimzade Nyýaziniň Baý we Batrak telewizion spektaklynda döreden keşbi bolan Gafury hem görkezmek bolar.

Oraz Çerkezowyň janlandyran Gafury baýyň ygtyýaryndaky hukuksyz, erksiz bir ýigit.Ol öz söýgülisi Jemiläniň ugrunda arassalyk, sadalyk bilen göreşýär.Ruhdan düşmeýär.Gahrymanyň bu keşbini Oraz aga ussatlyk bilen halka ýetirmegi başardy.

Gafuryň keşbi heniz-henizler hem halk köpçüliginiň hakydasynda ýaşaýar.Bu bolsa aktýoryň näderejede ussatdygyndan habar berýär.Oraz aga öz janlandyrýan gahrymanlarynyň keşbini isle teatryň sahnasynda bolsun, isle-de kinofilmde, olaryň özboluşly häsiýetini ynandyryjy edip açyp görkezýärdi.

Oraz Çerkezow diňe bir sahnada çykyş etmän, eýsem, kino sungatynda-da ençeme keşpleri janlandyryp, köpleriň söýgüsini gazanmagy başardy.Ol Aýgytly ädim, Altynyň öwüşgini, Bars, Derýanyň aňyrsy serhet, Hasratly söýginiň hekaýaty, Gepard Çagalyk ýyllarymyzyň kasamy şonuň ýaly-da telewideniýede öz surata düşüren filmi bolan Magtymguly, režissýor Öwlüýäguly Kulyýewiň Keçpelek ýaly ençeme filmde dürli häsiýetdäki keşpleri döredýär.

Oraz Çerkezow režissýor hökmünde dürli ýyllarda ekrana çykan Azaşan ýigit, Polat nähili taplandy, Hüýrlukga-Hemra, Ýusup-Ahmet ýaly eserlere režissýorlyk edipdi. Oraz aganyň inisi Çerkez aganyň hem telewideniýede hronikal-dokumental filmleriň režissýory bolup işländigine-de şaýat bolupdym.

Oraz Çerkezowyň ýanýoldaşy, häzirki wagtda Altyn Asyr: Türkmenistan teleýaýlymynda režissýor bolup işläp ýören, indi ýarym asyrdan gowrak wagt bäri bir egne zähmet çekip gelýän Dursun Gurbangulyýewa Oraz agany ýatlap şeýle diýýär:

— Oraz öz ýaşan ömründe milli teatr we kino sungatymyzy ösdürmäge saldamly goşant goşdy.Ol öýde-de, işde-de halk köpçüligini täze spektakllardyr kinofilmler bilen begendirmegiň arzuwy bilen ýaşaýardy.

Onuň ýetişdiren şägirtleriniň arasynda ýurdumyzda giňden tanalýan belli artistler Ýelizaweta Garaýewa, Enejan Orazmyradowa, Rejep Hojagulyýew, Gündogdy Hakgyýew dagy hem bar.Oraz maşgala durmuşynda-da bagtly adamdy.Işden boş wagtlary öz çagalary bilen dürli oýunlara güýmenmegi halaýardy.

Biz Oraz bilen üç ogly ösdürip kemala getirdik.Ogullarymam, gelinlerimem bilimli bolup, olaryň her haýsy dürli pudaklarda zähmet çekip ýörler.Meniň özümem hormatly dynç alyşdadygyma garamazdan, telewideniýede güýjümiň ýetdiginden režissýor hökmünde gepleşik taýýarlap gelýärin.

Häzirki wagtda üç oglumyzdan 10 sany agtygymyz, 15 sany çowlugymyz bar.Umuman aýdamda meniň örän bagtly maşgalam bar. Ýöne, arman Oraz pahyra bu günleri görmek bagty miýesser etmedi.

Bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiz tanymal sungat ussatlarynyň döredijiligini içgin öwrenmäge uly mümkinçilikleri döretdi.Men pursatdan peýdalanyp, öz maşgalamyzyň adyndan hormatly Prezidentimize sungatymyzy ösdürmekde alyp barýan uly işleri üçin çäksiz alkyş aýdýaryn.

Türkmenistanyň at gazanan artisti, aktýor hem režissýor, köpleriň halypasy, sahna hem kino sungatynyň ösmegine bütin ömrüni bagyşlan, ýaşlaryň uly toparyna halypalyk eden Oraz Çerkezow hemişe hormat bilen ýatlanylýar.Onda uly arzuwlar bardy.

Gijesini gündiz edip işleýärdi.Ol 1977-nji ýyldan başlap telewideniýede režissýor bolup işe başlaýar.Ol diňe bir režissýor bolup işlemän, eýsem, aktýor bolup hem dürli keşplerde çykyş edipdi.

Ol telewideniýäniň köpçülik işlerine-de gatnaşýardy.Ol ýokary ussatlygy bilen sungat äleminde köpleriň söýgüsini gazanmagy başarypdy.Onuň sungata tarap açylan giň ýola guwanç duýgusy çäksizdi.Oraz tä ömrüniň ahyryna çenli ata pendine-de, halypalaryň ynamyna-da, saýlap alan kärine-de wepaly bolup ýaşady.

Türkmen teatr hem kino sungatyny ösdürmekde goşan saldamly goşandy üçin 1967-nji ýylda Oraz Çerkezowa Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen hormatly at dakylýar.

Halypanyň şägirtleriniň biri Türkmenistanyň halk artisti Enejan Orazmyradowa halypasyny ýatlap şeýle diýýär:

— Oraz halypa bilen bir sahnada çykyş etmek diýseň ýakymlydy. Onuň güýçlüden ýogyn sesi, sahnada özüni alyp barşy üýtgeşikdi. Tomaşaçylar ondan gözlerini aýryp bilmezdiler. Sahnada bolup geçýän wakany hakyky ýaly edip tomaşaça ýetirmegi başarardy. Arman halypanyň ömri gysga eken. 1997-nji ýylyň iýun aýynyň 27-sine 63 ýaşynyň içinde aramyzdan gitdi.

Akmyrat Hojaberdiýew,

Oguz han adyndaky Türkmenfilm birleşiginiň hünärmeni.

The post Halypa hatyrasy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara altyn zynjyrlar we umumylykda 654 müň manada golaý möçberde pul baýraklary gowşuryldy
Ene süýdi bilen süňňüne ornan
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Halypa sargydy
Mukama siňen ömür atly festiwalyň çäklerinde Arkadag şäherinde ýaşlar döredijilik toparlarynyň konserti geçirildi