Halypa-şägirt mekdebi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halypa-şägirt ýoluny ösdürmegiň ähmiýeti bimöçberdir.Sebäbi, halypaçylyk mekdebi müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen dünýäsinden gözbaş alýar.Halypaçylyk islendik kärde-de zerurdyr. Şägirt halypadan ozdurmasa kär ýiter diýlişi ýaly, halypanyň öwüt-ündewlerinden, iş usullaryny öwretmek babatdaky nesihatlaryndan göwni ganatlanan ýaşlaryň geljekde öz kärine ezber, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişjekdigi düşnüklidir.

Käbir ýaşlaryň hünärine ussatlyk bilen erk edişlerini görenlerinde: Aý, ol halypa gören, halypaçylyk mekdebini geçen şägirtdir diýip, ýerlikli baha berýärler.Men hem şu ýerde öz halypam bolan Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Gözel Hummaýewa barada söz açasym gelýär.

Gözel Hummaýewa 1946-njy ýylyň awgust aýynyň 16-syna Aşgabat şäherinde sungat ussatlarynyň maşgalasynda dünýä inýär.Onuň kakasy Ýolaman Hummaýew ýurdumyzyň ilkinji opera aýdymçylarynyň biridir.Ejesi Bibi Çiratonowa halypa tansçy hem-de Aýgytly ädim, Aýna, Aýratyn tabşyryk, Aşyr aganyň hötjetligi ýaly ençeme çeper filmlerde ýatda galyjy keşpleri döreden zehinli artist hökmünde giňden tanalýar.

Doganoglany Ata Ilamanow hem ýaz ýaly ýakymly sesi bilen milli aýdym-saz sungatymyzda özboluşly yz galdyrdy.Sungata ömrüni baglan iki ussadyň maşgalasynda kemala gelen gyz olaryň ýol-ýörelgelerini dowam etmegiň arzuwynda bolýar. 1956-njy ýylda ozalky Lelingradyň, häzirki Sankt- Peterburgyň A. Ý.

Waganowa adyndaky döwlet horeografiýa mekdebine okuwa girýär.Dogduk mekanyndan uzakda dokuz ýyl tans sungatynyň inçe syrlaryny öwrenmek ýaş gyz üçin ýeňil bolmasa-da, ol ýüreginde beslän arzuwyna ýetmek üçin yhlasyny gaýgyrmaýar.

Zehinini zähmet bilen taplaýar.Gözel Hummaýewa okuwyny tamamlap, 1965-nji ýylda ozalky Magtymguly adyndaky Opera we balet teatrynda işe başlaýar.Kakasynyň we ejesiniň zähmet çeken teatrynyň döredijilik topary ony mähirli garşylaýar.

Işe başlan ilkinji günlerinden başlap ol birnäçe baletlerde dürli häsiýetdäki gahrymanlaryň keşplerini ýatda galyjy janlandyrýar. Ýaşlygyna garamazdan, türkmen we daşary ýurtly kompozitorlaryň döreden baletlerinde, ukyp-başarnygyny ýüze çykarmagy başarýar. 1966-njy ýylda Moldowanyň paýtagty Kişinýew şäherinde Halklaryň dostlugy atly sungat festiwaly geçirilýär.

Gözel Hummaýewa bu festiwala ýurdumyzyň tanymal sungat ussatlary bilen bilelikde gatnaşyp, dürli ýurtlardan gelen medeniýet we sungat işgärleri bilen duşuşýar, söhbetdeş bolýar.

Gözel Hummaýewa Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynyň sahnasynda Žizel Žizel (A.Adan, Perro, Sen-Jorj, M.Petipa), Esmeralda Esmeralda (S.Puni, Sirganidi), Françeska da rimini Françeska (P, Çaýkowskiý, L.

Woskresenskaýa), Per Gýunt Ingrid, Solweýg (E.Grig, B.Griwiskas) Baýaderka Baýaderka (L.Minkus, M.Petipa), Spartak Prigiýa (A.Haçaturýan, K.Niýazow), Gaýane Gaýane (A.

Haçaturýan, K.Niýazow), Gibel Suhoweýa Akgül (Ç.Nurymow, B.Gribitskas), Aldar-Köse Ene (K.Korçmarew, G.Japarow), Nissa Nissa (D.Nuryýew, K.Niýazow), Şelkunçik Maşa (P. Çaýkowskiý, W.

Waýnonen), Don-Kihot Kitri (L.Minkus, K.Niýazow) baş keşpleri ýerine ýetirýär.

1982-nji ýylda Kerim Niýazow Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde tansyň taryhy, aktýoryň ussatlygy we teatryň taryhy sapaklaryndan okatmak üçin Gözel Hummaýewany işe çagyrýar.Ol mundan başga-da türkmen tansy, fransuz sözlügi, şekillendiriş sungaty, häzirki zaman tansy derslerinden sapak berýär.

Ol mugallym bolup işlän döwri jaňjagazly tans, rus, balero, wenger, polonez, ispan, hindi, jigitler, çopan, käse, gurjak ýaly birnäçe tanslary goýýar. 1989-njy ýylda

G.Hummaýewa ýaşlyk ýyllarynyň geçen şäheri Sankt-Peterburga dolanýar.Ol ýerde N.A.Rimskiý Korsakow adyndaky döwlet konserwatoriýasynyň balet režissýory bölümine okuwa girýär, amaly dersleri tejribe bilen özleşdirip, balet we tans sungatyny ylmy taýdan düýpli öwrenýär.

Newa derýasynyň boýunda ýerleşýän şäheriň kitaphanalaryna ýygy-ýygydan gatnap, sungata degişli kitaplardan balet we tans sungaty barada ýazylan gymmatly maglumatlary toplaýar.

Teatrlarda görkezilýän operalara, baletlere tomaşa edip, tanymal sahna ussatlary bilen duşuşýar.Ol Türkmen horeografiýasynyň çeşmesi atly temadan diplom işini ýazýar.G.Hummaýewa 1994-nji ýylda okuwyny üstünlikli tamamlap, ata Watany Türkmenistana dolanyp, Türkmen döwlet medeniýet institutynda işe başlaýar.

Ol işlän döwründe hem tans sungatyny ylmy taýdan öwrenmegi dowam edýär, ýaşlara bu sungatyň taryhy, tanslaryň many-mazmuny, olaryň sungatdaky orny barada giňişleýin gürrüň berýär.Gözel Hummaýewa 1998-nji ýyldan şu wagta çenli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň Halk tansy bölüminiň halypa mugallymy bolup işleýär.

Gözel Hummaýewa ýaşlara ussat halypalaryň ömri we döredijiligi, olaryň bu ugurda bitiren hyzmatlary barada giňişleýin gürrüň berýär.

Halypaçylyk mekdebi milli ýol-ýörelgelerimize, däp-dessurlarymyza, ruhy gymmatlyklarymyza sarpa goýmaga, giň dünýägaraýyşly bolmaga çagyrýar.Bu gün ajaýyp döwrümizde kämil garaýşa, täze many-mazmuna eýe bolan halypaçylyk mekdebi Watany ak ýürekden söýmegiň, halka halal hyzmat etmegiň, milletiň ruhy dünýäsine ornan belent gylyk-häsiýetleriň özboluşly mekdebidir.

Halkymyzyň baý milli mirasyny, medeni gymmatlyklaryny dünýä ýaýmaga, halypaçylyk mekdebini kämil derejede dowam etmäge giň ýol açan Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyşlar aýdýarys.Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!

Laçyn Orazowa,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň deňiz gämisiniň döwrebaplaşdyrylmagy boýunça Weichai iženerçilik korporasiýasy bilen maslahatlaşyldy
Sport tansy boýunça 2017-2018- nji ýyllaryň möwsüminde esasy ýaryşlara gatnaşmaga hukuk berýän ikinji ýaryş geçirildi
Nuriddin Niýazow žipowis muşdaklaryny döredijilikde filosofiýa bilen tanyşdyrdy
Türkmen samboçylarynyň nobatdaky üstünligi