"Hamasy döreden we maliýeleşdiren Ysraýyldyr"

"Hamasy döreden we maliýeleşdiren Ysraýyldyr"

Jozep Borrel Ispaniýanyň Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde "Next Educacion" atly uniwersitetde geçirilen forumda eden çykyşynda, Ysraýyla garşy aýdýan tankydy belliklerini dowam etdirdi.

"Ysraýyl çek iberip Hamasy maliýeleşdirýär diýemok, emma Hamasyň ösmegini ýeňilleşdirdi" diýip aýdan Borrel, ozal aýdyp geçen "Hamasy döreden we maliýeleşdiren Ysraýyldyr" diýip gaýtalady.

Jozep Borrel: "Ysraýylyň zabdediji hereketine garşy güýç döredip, palestinalylary bölmäge synanyşandygy jedelleşiksiz bir hakykatdyr. Ysraýylyň premýer ministri Binýamin Netanýahunyň parlamentde öz toparynyň öňünde halk köpçüligine, örän gowy bilinýän bir sözleri bar: Iki döwletli çözgüde garşy bolanlaryň Hamasa goşant goşmaklary we maliýeleşdirmeginiň ýeňilleşdirmegi gerek. Men ol sözleri gaýtalamak bilen çäklenýärin" diýip habar berdi.

Ysraýylyň Gaza zolagynda 7-nji oktýabrdan bäri dowam etdirýän hüjümlerinde aglabasy çagalardan ybarat 30 müňe golaý palestinaly ýogaldy.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl Rafahda Gyrgynçylyk Etmage Taýýarlyk Görýär
Gazada 7-nji Oktýabrdan Bäri Adamzat Taryhyň Iň Pajygaly Gyrgynçylygy Başdan Geçirilýär
Netanýahu Her Damja Ganyň Hasabyny Berer
Ispaniýa, Malta, Irlandiýa we Sloweniýa Palestinany Ykrar Eder
Hamas: "Gepleşikler tamamlandy" diýdi
ABŞ-dan Ysraýyla Ok-däri Ugradylmagy Bes Edildi
Baýden, Müsüriň we Kataryň Liderinden Hamasa Basyş Edilmegini Isled