Hamilton rekorda ymtylýar

Formula 1 boýunça täze möwsümde 21 ýaryş (häzirlikçe) geçiriler.F1-iň 71-nji möwsüminde toparlaryň 10-sy çykyş edip, olaryň adyndan 22 sürüji ýaryşa gatnaşar (her topardan 2 sürüji).

Möwsümiň 2-nji ýaryşy bolan Bahreýn “Gran Prisi” 22-nji martda geçiriler.Ol F1-iň taryhynda tomaşaçysyz guraljak ilkinji bäsleşik bolar. 5-nji apreldäki Wýetnam “Gran Prisi” bilen 3-nji maýdaky Niderlandlar “Gran Prisi” sanawa täze goşulan ýaryşlardyr.

F1 ýaryşy Wýetnamda ilkinji sapar guralsa, Niderlandlarda 1985-nji ýyldan soň 1-nji gezek geçiriler.Dürli sebäplere görä, ýaryşlaryň geçiriliş tertibine käbir üýtgeşmeler girizilmegi mümkin. Ýagny käbir ýaryşlaryň geçiriljek wagty süýşürilip bilner, hatda “Gran Prileriň” käbileriniň geçirilmezligi hem ahmal.

Möwsüm 29-njy noýabrda Abu Dabi “Gran Prisi” (BAE) bilen jemlener.Çempionata gatnaşjak toparlarda üýtgeşiklik bolman, toparlaryň käbirleriniň hemaýatkärleri çalyşdy.Geçen ýylda-da ýaryşan “Ferrari” (Italiýa), “Mercedes” (Germaniýa), “Haas” (ABŞ), “Renault” (Fransiýa), “Racing Point” (B.

Britaniýa), “MacLaren” (B.Britaniýa), “Red Bull” (Awstriýa), “Williams” (B.Britaniýa), “Alfa Romeo” (Şweýsariýa) hem-de “Alpha Tauri” (Italiýa, ozalky “Toro Rosso”) toparlary bu ýylda hem çempionata gatnaşarlar.F1-iň soňky 6 möwsüminde “Mercedes” topary hem konstruktorlaryň, hem-de sürüjileriň arasynda çempionlygy özünde saklap gelýär.

Bu görkeziji rekorda deň bolup, “Mercedes” topary rekordy “Ferrari” bilen paýlaşýar.Nemes toparynyň esasy maksady, bu ýylda-da goşa çempionlyk gazanyp, rekordy öz adyna geçirmek.Sürüjileriň arasynda çempionlygyň iň esasy dalaşgäri gürrüňsiz soňky 6 ýylda 5 gezek çempion bolan Lýuwis Hamiltondyr (“Mercedes”).

Umumylykda F1-iň 6 gezek çempionlygyny gazanan britaniýaly sürüji ýeňişleriniň hataryna ýene birini goşup, Mihael Şumaheriň rekordyny gaýtalamakçy bolýar. Şeýle-de Hamiltonyň topardaşy Waltteri Bottas, “Ferrariniň” sürüjileri Sebastian Wettel bilen Şarl Lekler dagy hem çempionlygyň beýleki dalaşgärleri hasaplanýar.

Ýene degişli makalalar

Hemilton "Formula 1-da" ýedinji gezek çempion boldy
Hamilton Şumaheriň taryhy rekordyna şärik boldy
Formula 1-iň sürüjileri näçe hak alýar?!
Alýaskada 7,2 bal ululygynda ýer titreme boldy
Kalyn “Le Point” žurnalyna reaksiýa bildirdi