Tölegleri diňe kart bilen kabul edýän döwlet dükanlarynda terminallar kadaly işlemeýär

Tölegleri diňe kart bilen kabul edýän döwlet dükanlarynda terminallar kadaly işlemeýär

Azyk harytlarynyň töleglerini diňe bank kartlary arkaly amala aşyrmagy talap edýän Aşgabadyň döwlet dükanlarynda töleg terminallary kadaly işlemeýär. “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň öz ýurt içindäki habarçylaryna salgylanyp, 11-nji dekabrda beren maglumatyna görä,9-njy dekabrda käbir dükanlarda, aýratyn-da, paýtagtyň Baba Annanow köçesiniň ugrunda ýerleşýän “Ýalkym” dükanynda terminallar işlemegini bes edensoň, satyjylar tölegleri nagt görnüşinde talap edip başlady. “Biz nagt pul bilen dükana gelenimizde, satyjylar kart bilen tölemegi talap edýär.

Indi ähli pulumyzy karta salanymyzda bolsa, nagt tölemegi soraýarlar.Bu näme bolýar?...Her maşgala 10 ýumurtga satýarlar.Munuň üçin şunça problema döredýärler” diýip, neşir alyjylaryň biriniň sözlerini sitirledi.

Aşgabadyň döwlet dükanlarynda töleg terminallarynyň kadaly işlemezligi bilen bagly maglumatlary Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary hem tassyklap, bu ýagdaýyň wagtal-wagtal ýüze çykýandygyny aýdýarlar. “Geçen hepdäniň çarşenbe we penşenbe günleri şäherdäki dükanlaryň köpüsinde töleg terminallary işlemedi.

Satyjylar azyk harytlarynyň töleglerini bank kartlary arkaly däl-de, nagt görnüşinde kabul etdiler” diýip, howpsuzlyk aldalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 11-nji dekabrda gürrüň berdi.Türkmenistanyň Merkezi bankynyň websaýtynda 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda tutuş ýurt boýunça 29 müň 815 sany POS terminalynyň (Point of sale) hasaba alnandygy we olaryň 10 müň 646 sanysynyň Aşgabatda ýerleşýändigi bellenilýär. 15-nji noýabrda Azatlygyň habarçylary döwlet dükanlarynda gyt harytlaryň nagt pula satylmagynyň bes edilendigini, tölegleriň diňe bank kartlary esasynda kabul edilýändigini habar beripdiler. Şonda habarçylar bu talabyň ilat arasynda nägilelik döredip, howatyrlanmalary artdyrandygyny aýdypdylar. 3-nji dekabrda Azatlyk Radiosynyň paýtagtly habarçysy bu talabyň güýçlenmegi bilen, işlemeýän raýatlaryň arasynda bank hasaplaryny açdyrmaga synanyşýanlary has köp görse bolýandygyny aýdypdy.

Beýleki tarapdan, ol Türkmenistanyň käbir banklarynda raýatlaryň manatda bank hasaplaryny açdyryp bilmän kösenýändigini hem belläpdi.Türkmen häkimiýetleri bu maglumatlary tassyklap ýa-da inkär edip çykyş etmeýärler.Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji dekabrda Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Gadyrgeldi Müşşikow bilen geçiren iş maslahatynda “iň täze tehniki serişdeler hem-de bank hyzmatlaryny bazarlarda ornaşdyrmagy çaltlandyrmak” meselelerine üns çekdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär.

Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz.Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
“Abadan haly” täze “Ýalkym” haly görnüşi bilen 8 ýyllygyny belleýär
Ýalkym saçýar medeniýetiň şuglasy, Ösüşlere eýe türkmen sungaty
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Oba hojalygynyň zähmetkeşleri Türkmenistanyň Watana bolan söýgüsi üçin medaly bilen sylaglanyldy