Ýewropanyň açyk MMA kubogy ugrundaky ýaryşlarda türkmen türgenleri ýedi medal gazandylar

Garyşyk göreşler boýunça ýurdumyzyň ýygyndy topary Polşa Respublikasynyň Plosk şäherinde geçirilen Ýewropanyň açyk MMA kubogy ugrundaky ýaryşlarda üstünlikli çykyş etdi, Türkmenistanyň türgenleri ýedi medala iki altyn, dört kümüş we bir bürünç medala mynasyp boldular.

Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Döwran Ataýew (71 kilogram agramda) we Batyr Baýgeldiýew (61 kilograma çenli agramda) hormat münberiniň ýokarky basgançagyna çykdylar.

Ýalkym Nuryýew (70 kilogram agramda) kümüş medala eýe boldy. Milli Sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary Gülşat Gylyjowa (55 kilograma çenli agramda) we Leýli Kazakowa (60 kilograma çenli agramda) hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Jahan Durdyýewa (55 kilogram agram derejede) ikinji orunlary eýelediler.

84 kilograma çenli agram derejede çykyş eden Anna Baýramdurdyýew bürünç medala eýe çykdy.

Netijede, Ýewropanyň açyk kubogy ugrunda geçirilen ýaryşlara gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary tapawutlanyp, sport döwleti hökmünde ýurdumyzyň abraýyny has-da belende galdyrdylar.

Ýene degişli makalalar

10.11.2018 | Ýewropanyň açyk MMA kubogy ugrundaky ýaryşlarda türkmen türgenleri ýedi medal gazandylar
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Bagtsyzlygyň bagty