Hamiltonyň 85-nji ýeňşi

Formula 1 boýunça möwsümiň 2-nji ýaryşy hem Awstriýada geçirildi.Spilberg şäherinde geçirilen ýaryşda Mercedes toparynyň britan sürüjisi Lýuwis Hamilton ýeňiş gazandy.Ilkinji hatardan bat alan ussat sürüji 71 aýlawy 1 sagat 22 minut 50,683 sekuntda tamamlamagy başardy.

Bu onuň karýerasyndaky 85-nji ýeňşi bolup, ol bu ugurda 91 ýeňiş bilen rekordyň eýesi Mihael Şumahere golaýlap barýar. Ýaryşda topardaşyndan 13,719 sekunt yza galan, 1-nji bäsleşigiň ýeňijisi, finlýandiýaly Waltteri Bottas 2-nji ýeri eýeledi.

Red Bull toparynyň niderland sürüjisi Maks Werstappeniň 3-nji bolan ýaryşynda onuň tailandly topardaşy Aleksander Albon 4-nji orna mynasyp boldy.Ferrari toparynyň sürüjileri Şarl Lekler bilen Sebastian Wettel ýaryşy tamamlap bilmediler.

Geçirilen 2 ýaryşdan soň, Waltteri Bottas 43 utuk bilen 1-nji ýerde barýar. Ondan 6 utugy kem Lýuwis Hamilton 2-nji, 26 utukly Lando Norris 3-nji orny eýeleýär. Möwsümiň 3-nji ýaryşy ertir, ýagny 19-njy iýulda Wengriýada geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Hamilton Şumaheriň rekordyny täzeledi
Şumaher, Fanhio, Wettel, Hamilton dagynyň hataryna goşuldy
Ilkinji ýaryşda Bottas ýeňiş gazandy
Hamilton Şumaheriň 19 ýyllyk rekordyny täzeledi
Hamilton Şumaheriň rekordyna şärik boldy
Rekorda 3 ýeňiş galdy