Rekorda 3 ýeňiş galdy

Formula 1 boýunça möwsümiň 7-nji bäsleşigi Belgiýada geçirildi. Ýurduň Spa şäherindäki “Spa-Frankorçamps” trassasynda geçirilen ýaryşda “Mercedes” toparynyň britan sürüjisi Lýuwis Hamilton ýeňiş gazandy.Ilkinji hatardan başlan Hamilton 44 aýlawy 1 sagat 24 minut 08,761 sekuntda geçmegi başardy.

Bu onuň şu möwsümdäki 5-nji, karýerasyndaky 89-njy ýeňşidir. Şeýlelikde, Hamilton ýene-de 2 ýeňiş gazanan ýagdaýynda Mihael Şumaheriň rekordyny gaýtalar.Hamiltondan 8,4 sekunt yza galan topardaşy, finlýandiýaly sürüji Waltteri Bottas 2-nji, “Red Bulluň” niderland piloty Maks Werstappen bolsa, 15,4 sekunt giç galyp, 3-nji ýeri eýeledi.

Geçirilen 7-nji bäsleşikden soň, 1-nji orunda barýan Lýuwis Hamilton utugyny 157-ä çykardy. 2-nji basgançakdaky Maks Werstappeniň 110, 3-nji ýeräki Waltteri Bottasyň 107 utugy bar.

Möwsümiň 8-nji ýaryşy 6-njy sentýabrda Italiýada geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Şumaher, Fanhio, Wettel, Hamilton dagynyň hataryna goşuldy
Çempion çempionlygyny goramagy başardy
Hamilton Şumaheriň rekordyna şärik boldy
Hamiltonyň 90-njy ýeňşi, “Ferrariniň” 1000-nji ýaryşy
Hamilton Şumaheriň 19 ýyllyk rekordyny täzeledi
Hamilton Şumaheriň rekordyny täzeledi