Han Möhletinden Irki Saýlawlar Boýunça Çagyryş Edýär

Han Möhletinden Irki Saýlawlar Boýunça Çagyryş Edýär

Milli metbugatyň habar bermegine görä Pakistanyň Adalat hereketi partiýasynyň lideri Han Peşawer we Karaçi şäherlerindäki mitinglerinden soň Lahorda tarapdarlaryna ýüzlenip çykyş etdi.

Han, möhletinden irki saýlaw boýunça çagyryşyny dowam etdirip, “hökümeti halk deputatlarynyň wyždanlaryny satyn almakda we daşary ýurtlular bilen hyzmatdaşlyk etmekde” günäkärledi.

2018-nji ýylda iş başyna geçende garaşsyz daşary syýasat alyp barma maksadynyň bardygyny nygtan ImranHan, şol sebäpli özüne duzak gurulandygyny öňe sürdi.

Han iş başyndaky hökümetiň daşarky güýçleriň görkezlerine “tabyndygyny” öňe sürüp, özüniň beýle däldigini we şol sebäpli daşarky güýçleriň mundan hoşal bolmandygyny aýtdy.

Iş başynda mahaly Russiýa guran saparynyň ýerliklidigini beýan eden Han, resmi Moskwanyň Yslamabada nebit önümlerini halkara bazarlardan 30 göterima arzan bermäge taýýardygyny aýtdy.

ImranHan daşarky güýçleriň ýurdunyň Hytaý bilen söwda gatnaşygyny artdyrmagyndan biynjalyk bolandygyny nygtap, ABŞ-ny günäkärlemäge dowam etdi.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSY YHG-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ 48-NJI MEJLISINE GATNAŞMAK MAKSADY BILEN YSLAMATDA SAPARDA BOLÝAR
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň mejlisine gatnaşýar
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryny gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň ýolbaşçylaryny ýurduň güni bilen gutlady
Raşid Meredow Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Yslamabatda geçirilen mejlisine gatnaşdy