Harabalyklardan Umytly Habarlar Gelmäge Dowam Edýär

Harabalyklardan Umytly Habarlar Gelmäge Dowam Edýär

6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraşda we 10 welaýatda uly ýitgi çekilmegine sebäp bolan ýer titremelerinden soň gözleg we halas işleri güýçli depginde dowam edýär.

Harabalyklaryň aşagyndan halas edilýän adamlar ýürekleri umytlandyrmaga dowam edýär. Gudratly halas boluşlar bütin Türkiyäni duýgulandyrýar.

"Asyryň Betbagtçylygy" hökmünde häsýetlendirilýän ýer titremeleriň 222-nji sagadynda Kahramanmaraş welaýatynyň Onikişubat etrabynda dowam etdirilýän gözleg we halas ediş işleriniň çäginde 42 ýaşyndaky Melike Imamogly harabalyklaryň aşagyndan çykarylyp, hassahana ýatyryldy.

Dulkadirogly etrabynda dowam etdirilýän gözleg we halas ediş işlerini çäginde bolsa ýer titremeleriň 227-nji sagadynda 74 ýaşyndaky Jemile Kekeç halas edilip, hassahana ýatyryldy.

Hataý welaýatynyň merkezi Antakýa etrabynda bir zenan we 2 çaga ýer titremäniň 228-nji sagadynda harabalyklaryň aşagyndan çykaryldy. Harabalyklaryň aşagyndan çykarylan adamlar deslapky saglyk kömegi berileninden soň, saglygy goraýyş işgärlerine berildiler.

6-njy fewralda başdan geçirilen we ýurduň 10 welaýatyna täsir ýetiren 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremeler müňlerçe adamyň ýogalmagyna sebäp boldy, tebigy apatlar Asyryň Betbagtçylygy hökmünde häsýetlendirilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Milli Howpsuzlyk gullugy Siriýada möhüm operasiýa geçirdi
Yragyň demirgazygynda geçirilen operasiýada ýaralanan esger şehit boldy
Türkiye azatlykdan mahrum edilen Krym tatarlary bilen bagly beýannama berdi
Germaniýada Saklanan Türk Žurnalistler Boşadyldy
Giňdir Älem ýaly şygryýet çygry