Harby talyplaryň nobatdaky goýberilişi boldy

Harby talyplaryň nobatdaky goýberilişi boldy

11-nji iýunda ýurdumyzyň Harby akademiýasynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlarynyň nobatdaky goýberilişi boldy. Bu waka mynasybetli guralan dabaraly çäreler Berdimuhamet Annaýewiň hem-de içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň heýkellerine gül desselerini goýmak bilen başlandy. Gül desseleri “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyndaky ýadygärliklere hem goýuldy.

Aşgabatdaky Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada we "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky Döwlet baýdak sütüniniň meýdançasynda Harby akademiýanyň diňleýjileriniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda uly ruhubelentlik ýagdaýynda dabaralar geçirildi. Harby akademiýanyň uçurymlaryna ýokary hünär bilimi baradaky diplomlar we degişli döşe dakylýan nyşanlar, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna bolsa serkerdelik şahsyýetnamalary gowşuryldy.

Aýratyn hormat garawuly batalýonynyň şahsy düzüminiň nyzam tilsimleri boýunça ýerine ýetiren görkezme çykyşlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň çykyşlary dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Uçurymlaryň dabaraly harby ýörişi her bir harby uçurymyň durmuşyndaky iň ähmiýetli pursadyň jemlenýändigini alamatlandyrdy.

Ýene degişli makalalar

CNPC-niň şahamçasy Türkmenistan bilen işgärleri taýýarlamak pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Prezidenti Soňky jaň dabarasy mynasybetli Gutlagyny ýollady
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk ýowaryna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Watanymyzyň gözelligini artdyrmak her bir türkmenistanlynyň watançylyk borjudyr
Milli Liderimiz ählihalk ýowaryna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti medeniýet ulgamyny we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini kämilleşdirmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti medeniýet ulgamyny we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini kämilleşdirmek boýunça iş maslahatyny geçirdi