“Harri Potteriň” lord Wolan-de-Mort baradaky prikweliniň resmi treýleri çykdy

“Harri Potteriň” lord Wolan-de-Mort baradaky prikweliniň resmi treýleri çykdy

Internetde “Harri Potteriň” Gontlaryň maşgalasynyň taryhy we lord Wolan-de-Mortuň döreýşi baradaky prikweliniň resmi treýleri peýda boldy. Roligi YouTube-da görmek bolýar diýip, csn-tv.ru habar berýär.

Film “The House of Gaunt” adyny aldy. Lenta fransuz kompaniýalary Grimaud Production we Le Sous-Marin Productions tarapyndan döredildi. Gysga metražly filmiň birinji bölüminde ata-babalaryna ünsi jemläp, gara jadygöýüň gelip çykyşy düşündirilýär. Ikinji bölümde topar Wolan-de-Mortuň güýjüniň iň ýokary derejesine ýeten döwrüne üns bermek isleýär.

Ilkinji aýda rolige 500 müňden gowrak ulanyjy tomaşa etdi.Tankytçylar kartinanyň üstünlikli bolmak üçin ähli mümkinçiliginiň bardygyny belleýärler.Filmiň režissýory Žoris Fokon Grimo boldy.Gara Lorduň keşbini aktýor Maksans Dane-Fowel ýerine ýetirdi.

Filmiň surata düşürilişi 2 ýyl dowam etdi.Onuň premýerasy 2021-nji ýylyň 29-njy maýynda Ýewropada geçiriler. Şondan soň lenta YouTube-da we akym hyzmatlarynda elýeterli bolar.

Ýene degişli makalalar

Hepdäniň täze animasiýalary
Türkiýede bikanun ýaşaýan türkmenleriň watanda galan garyndaşlary türk wizasyny alyp bilmeýär
Pogonuny özi ýyrtan PÝGG işgäri "wezipesinden boşadyldy"
'El çarpylýan goşgularyň' uzaga çeken meşhurlygynyň açylmadyk syry
Polisiýa meşhur bloggerleri soraga çekýär, diňe öwgüli postlary’ paýlaşmagy talap edýär
Türkmen häkimiýetleri bloggerleri soraga çagyrýar, olardan ýurdy wagyz etmek talap edilýär