Has köp syýahatçy kabul eder

Hytaý has köp syýahatçyny çekmek üçin käbir ýurtlar bilen wizasyz syýahat düzgünini ýola goýdy. Şu ýylyň sentýabrynda Norwegiýanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni ýola goýan Hytaý ýene-de 4 ýurdy olaryň hataryna goşdy.

Indiden beýläk Kipriň, Daniýanyň, Gresiýanyň we Sloweniýanyň raýatlary Hytaýa wiza almazdan gidip bilerler. Şeýlelikde, Ýewropadan Hytaýa wizasyz baryp bilýän ýurtlaryň sany 17-ä ýetdi.Hytaý şu ýylyň iýulynda Awstraliýa we Täze Zelandiýanyň raýatlaryna hem wizasyz gelmeklerine mümkinçilik döredipdi. Ýylyň başynda bolsa Malaýziýanyň raýatlary üçin wiza düzgüni ýatyrylypdy.

Wizasyz giriş diňe gezelenç maksady bilen barýanlara degişli bolup, 15 gün bilen çäklendirilendir.Bu düzgün geljek ýylyň ahyryna çenli dowam eder.Bu ýeňilligiň döredilmegi Ýewropadan Hytaýa syýahata barýanlaryň sanynyň artmagyna getiripdir.

Ýene degişli makalalar

2026-njy ýylyň iň güýçli pasportlarynyň sanawy
Dünýä Kubogy 2026: Ýewropa zolagynyň saýlama toparçalarynyň bijeleri çekildi
Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
UEFA Milletler Ligasynyň çärýek finalynyň bijeleri çekildi
Çemçe, pyçak, çarşak: naharlanmagyň döwrebap usuly
2-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti