Hatibzadeh: Hirmand derýasyndan Eýranyň suw paýyny almaklygy kanuny kanallar arkally yzarlap durandyrys

Hatibzadeh: Hirmand derýasyndan Eýranyň suw paýyny almaklygy  kanuny kanallar arkally yzarlap durandyrys

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary bilelikdäki serhet-de ýerleşen Hirmand derýasyndan Eýranyň suw paýyny almaklygy kanuny kanallar arkally yzarlap durandyrys diýmek bilen Hirman suwyndan peýdalanyp bilmek Eýranyň hakydyr diýip nygtady.

Kamal Han bendi, Owganystanyň günorta-günbataryndaky Nimroz welaýatynyň merkezi Zaranj şäheriniň 18 km günortasynda, Hirmand derýasynyň boýunda ýerleşýär.

Hirmand derýasynyň suw şertnamasy, Eýran bilen Owganystanyň arasynda 1972-nji ýylda gol çekilipdi we şertnama boýunça her ýyl 850 million kub metr Hirmand suwy Eýrana degişlidir.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh şu ​​gün (şenbe) Taýbada eden sapary wagtynda we Dogarun serhediniň çäginde IRNA bilen söhbetdeşlikde Hirmand derýasyndan Eýranyň suw paýyny üpjün etmek barada Iki ýurduň ýokary suw komissarlary biri-biri bilen gürrüň etdiler diýdi.

Ýene degişli makalalar

Eýranda çägeli tupan başdan geçirilýär
Eýran-Owganystan serhedinde çaknyşyklar boldy
Dünýä 3-nji Iýulda İň Yssy Güni Başdan Geçirdi
Eýranda Käbir Şäherlerde Howanyň Ýylylygy 50 Gradusa Ýetdi
Eýranda Guralan Hüjümde 2 Adam Öldürildi
Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň wekilleri Türkmenistanda iş saparynda boldular