Hazar deňzi sebitinde ulag logistika ulgamynyň birleşdirilmegine bagyşlanan maslahat

24-nji fewralda BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (BMG ÝYK) Içerki ulag boýunça Komitetiniň 83-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan Hazar deňzi sebitinde pandemiýa döwründe ulag we söwda gatnaşyklarynyň durnuklylygy diýen mowzuk boýunça onlaýn görnüşinde duşuşyk gurady.

Çärä Merkezi Aziýa we Hazarýaka ýurtlarynyň ilçileri hem-de wekilleri, şeýle-de halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Wideoduşuşygyň barşynda BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary hanym O.Algaýerowa, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, hanym Fekitamoeloa Katoa Utoikamana, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň Baş sekretary jenapUmberto de Pretto, şeýle hem degişli ýurtlaryň ilçileri we hemişelik wekilleri, şol sanda halkara guramalarynyň agzalary çykyş etdiler.

Ulag logistika ulgamynyň birleşdirilmeginiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ol 2021-nji ýylda ösüşiň we öňe gidişlikleriň gazanylmagynda aýratyn wajyp hem-de täsirli ugurlaryň biridir.

Şeýle-de duşuşyga gatnaşyjylar tarapyndan pandemiýa döwründe durnukly multimodal üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam etmek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn özara hereketleriň üpjün edilmegi arkaly syýasy gatnaşyklaryň dowam edilmeginiň we pugtalandyrylmagynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň dabaralandyrylmagy, şeýle hem ýurdumyzda 2021-nji ýylda deňize çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň Ulag ministrleriniň maslahatynyň geçirilmegine görülýän taýýarlyk barada hem habar berdi.

The post Hazar deňzi sebitinde ulag logistika ulgamynyň birleşdirilmegine bagyşlanan maslahat appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Içerki ulag boýunça komitetiniň 88-nji mejlisine gatnaşýar
Aşgabatda suw üpjünçiligi, sanitariýa, gigiýena we saglygy goraýyş meseleleri boýunça milli mejlis geçirildi
Aşgabatda 2026-njy ýylda SPECA ykdysady forumy geçiriler
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow logistika merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Türkmenistan döwrebap ulag düzümini döredýär
Türkmenistan döwrebap ulag düzümini döredýär
Watanymyzyň Bitaraplygy — halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine