Hazar — dostluk deňzi motoýaryşy Aşgabadyň we Türkmenbaşynyň üstünden geçer

Hazar — dostluk deňzi motoýaryşy Aşgabadyň we Türkmenbaşynyň üstünden geçer

Şenbe güni Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebitinden Hazar — dostluk deňzi atly ilkinji 10 günlük motoýaryş badalga aldy. Motosikl ýaryşyna Astrahan sebitiniň häkimi Igor Babuşkin ýolbaşçylyk etdi.

Häzirki wagtda motoýaryşa gatnaşyjylar Gazagystanyň Aktau we Atyrau şäherlerine tarap ugur aldylar. Soňra olaryň ýoly Türkmenistanyň Aşgabat we Türkmenbaşy şäherleriniň üstünden geçer diýip, TASS habar berýär.

11-nji aprele çenli motosikl sürüjileriň kerweni Eýranyň Babolser we Reşte şäherlerine, Azerbaýjanyň Astar we Baku şäherlerine we Russiýanyň Kaspiýsk şäherine barar.

Ýaryşa gatnaşyjylar 10 günde motosikl bilen, takmynan, 5 müň kilometr ýol geçerler. Motoýaryş şeýle ugur boýunça ilkinji gezek geçirilýär. Bu çäre Hazar sebitiniň ýurtlary bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmek maksady bilen geçirilýär.

Ozal Wladimir Putiniň Hazar deňziniň töwereginde motosikl ýaryşyny geçirmek başlangyjyny goldandygyny habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

Hazar — dostluk deňzi motoýörişi Aşgabadyň we Türkmenbaşynyň üstünden geçer
Aşgabatda Gagariniň ýadygärliginde gül goýmak dabarasy geçirildi, Lebapsuwhojhalyk birleşiginiň tehniki parky Ýaponiýanyň Komatsu kompaniýasynyň täze ulaglary bilen üpjün edildi we beýleki habarlar
Putin Hazar deňziniň töwereginde motoýaryş geçirmek baradaky teklibi goldady
Hazar — dostlugyň deňzi motoýörişi Astrahanda tamamlandy
Aşgabatda Türkmenistanyň täze raýatlaryna pasgortlar gowşuryldy, Türkmenistanyň Gazagystandaky täze konsuly wezipä bellenildi, Serdar Berdimuhamedow Igor Babuşkini kabul etdi we beýleki habarlar
Astrahan sebitiniň gubernatory Türkmenistanyň prawoslaw ybadathanalaryna baryp gördi