Putin Hazar deňziniň töwereginde motoýaryş geçirmek baradaky teklibi goldady

Putin Hazar deňziniň töwereginde motoýaryş geçirmek baradaky teklibi goldady

2022-nji ýylyň oktýabr aýynda Hazar deňzi — dostluk deňzi atly halkara motoýaryşy geçiriler. Ýaryşyň ýoly Hazar döwletleriniň bäşisiniň — Russiýanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň çäginden geçer. Bu barada Astrahanyň gubernatory Igor Babuşkin metbugat ýygnagynda mälim etdi diýip, Ast-news.ru ýazýar.

Motosikl ýaryşy 5-nji oktýabrda Astrahanda başlap, 15-nji oktýabrda Dagystanda tamamlanar. Babuşkiniň sözlerine görä, motoýaryşy geçirmek baradaky başlangyjy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin hem goldady.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Gagariniň ýadygärliginde gül goýmak dabarasy geçirildi, Lebapsuwhojhalyk birleşiginiň tehniki parky Ýaponiýanyň Komatsu kompaniýasynyň täze ulaglary bilen üpjün edildi we beýleki habarlar
Hazar — dostluk deňzi motoýaryşy Aşgabadyň we Türkmenbaşynyň üstünden geçer
Hazar — dostluk deňzi motoýörişi Aşgabadyň we Türkmenbaşynyň üstünden geçer
Russiýaly gubernatorlar Türkmenistanyň Prezidentini Halkara Bitaraplyk güni bilen gutladylar
Astrahanyň gämi zawody Türkmenistandan we Eýrandan sargyt almakçy
Astrahanda türkmen logistika merkeziniň açylmagy boýunça iş topary döredildi