Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VII sammiti Eýranda geçiriler

Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VII sammiti Eýranda geçiriler

Ýedinji Hazar sammiti ylalaşylan möhletlerde Eýran Yslam Respublikasynda geçiriler. Bu barada çarşenbe güni Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammitiniň Beýanatynda bellenilip geçilýär.

Altynjy Hazar sammitine Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdylar.

Prezidentler dostlukly we ynanyşmak ýagdaýynda Hazar deňzinde bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň örän möhüm meselelerini, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän derwaýys halkara we sebit meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.Prezidentler Hazar deňzi boýunça Aşgabatda (2002-nji ýylda), Tähranda (2007-nji ýylda), Bakuwda (2010-njy ýylda), Astrahanda (2014-nji ýylda) we Aktauda (2018-nji ýylda) geçirilen ýokary derejedäki duşuşyklarda kabul edilen çözgütleriň möhümdigini hem-de olary netijeli durmuşa geçirmegiň zerurdygyny bellediler.

Ýene degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary başlandy
Türkmengazak dostluk gatnaşyklary
Türkmenistan — Gazagystan: dostluk we köpugurly strategik hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Aşgabada geldi
Bilermen VI Hazar sammitiniň diňe formallykdan ybaratdygyny aýdýar, täzelige garaşylmaýar
Bilermen VI Hazar sammitiniň diňe formallykdan ybaratdygyny aýdýar, täzelige garaşylmaýar
Aşgabatda altynjy Hazar sammiti geçirildi