HEA: gaýtadan dikeldilýän energetika elektrik togunyň esasy çeşmesi bolar

HEA: gaýtadan dikeldilýän energetika elektrik togunyň esasy çeşmesi bolar

Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri 2025-nji ýylyň başynda elektrik togunyň önümçiliginde ilkinji orna çykar. Bu barada Halkara energetika agentliginiň hasabatynda aýdylýar diýip, Interfax.ru ýazýar.

Eýýäm 2027-nji ýylda bolsa gaýtadan dikeldilýän çeşmelere dünýäde öndürilýän elektrik energiýasynyň tas 40 göterimi degişli bolar. Şol bir wagtda kömrüň, tebigy gazyň we atom elektrik beketleriniň paýy peselmegini dowam eder.

Gaýtadan dikeldilýän energetika Russiýadan eksport edilýän nebitiňdir gazyň möçberleriniň azaldylmagy netijesinde emele gelen energiýa ýetmezçiligi sebäpli okgunly ösüşe badalga aldy diýip, HEA-nyň seljerijileri aýdýarlar. Netijede, 2021-nji ýylda nebiti hem-de gazy esasan Russiýadan satyn alan Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary elektrik energiýasynyň başga çeşmelerine geçmegi çaltlandyrmaga mejbur bolýarlar.

Golaý bäş ýylda soňky 20 ýyldaky möçberde gaýtadan dikeldilýän energiýa peýda bolar diýip, agentligiň başlygy Fatih Birol aýdýar.

Ýene degişli makalalar

Halkara energetika agentligi Türkmenistan bilen energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy has-da berkider
Russiýanyň kärhanalarynda iş ugurlary boýunça ýiti ýetmezçilik duýulýar
Coca-Cola alyjylary ýalňyşdyrmakda aýyplandy
Huawei-iň akylly sagatlary we gulaklyklary žurnalistleriň baýraklaryna eýe boldy
HUMANITARIAN COOPERATION IS ONE OF THE MOST IMPORTANT COMPONENTS OF THE POLICY OF NEUTRALITY OF TURKMENISTAN
KEY VECTORS OF ENERGY DIPLOMACY DISCUSSED DURING THE PLENARY SESSION IN THE INSTITUTE OF INTERNATIONAL RELATIONS OF MFA OF TURKMENISTAN
SESSION ENTITLED CONTRIBUTION OF STATES AND INTERNATIONAL ORGANIZATIONS TO GLOBAL PEACE BUILDING PROCESSES WAS HELD IN THE INTERNATIONAL UNIVERSITY FOR THE HUMANITIES AND DEVELOPMENT OF TURKMENISTAN