Huawei-iň akylly sagatlary we gulaklyklary žurnalistleriň baýraklaryna eýe boldy

Huawei-iň akylly sagatlary we gulaklyklary žurnalistleriň baýraklaryna eýe boldy

Huawei kompaniýasynyň täze önümleri dünýäniň dürli neşirlerinden birnäçe baýraga mynasyp boldy. Žurnalistler tarapyndan özboluşly dizaýn we ýörgünli tehnologiýalar bilen bellenen täze önümleriň arasynda akylly sagatlar HUAWEI WATCH FIT, WATCH GT 2 Pro we WATCH GT 2e, şeýle-de simsiz gulaklyklar HUAWEI FreeBuds Pro, FreeBuds 3, FreeBuds 3i we FreeLace Pro bar diýip, flatroad.ru habar berýär.

HUAWEI WATCH FIT fitnes sagady 96 türgenleşik programmasyna, saglyk ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin datçikler toplumyna hem-de ulanyja dogry maşk tehnikasy barada maglumat berýän animasiýa 3D-rolikleri görkezmek funksiýasyna eýe.

HUAWEI WATCH FIT sagady Android Authority, Tech Advisor, T3 we Trusted Reviews neşirleriniň baýraklaryny aldy.HUAWEI WATCH GT 2 Pro gajeti Android Headlines, PocketNow, Tech Advisor we Trusted Reviews baýraklaryna eýe boldy.

Smart-sagat awtonomlygy, türgenleşik sanawynyň giňdigi we dizaýny üçin synçylar tarapyndan ýokary baha aldy.HUAWEI WATCH GT 2e 85 türgenleşik režimini göterýär we zarýad bermezden 14 güne çenli işleýär. Şonuň üçin bu sagat AndroidHeadlines, Newsweek, PhoneArena, PocketNow we Trusted Reviews baýraklaryny aldy.

Huawei FreeBuds Pro simsiz gulaklyklary Android Authority, Stuff, Android Central we PocketNow ýaly neşirleriň baýraklaryna eýe boldy.Işjeň galmagaly ýatyrýan ulgamy bolan TWS-gulaklyklary HUAWEI FreeBuds 3 Android Authority, GSMArena, Phandroid, Newsweek we Tech Advisor baýraklaryny aldy.

Android Headlines we Tech Advisor baýraklaryny alan HUAWEI FreeLace Pro simsiz gulaklyklary bir zarýadda 16 sagada çenli işläp bilýär.

Ýene degişli makalalar

Noýabr aýy boýunça iň güýçli Android smartfonlary kesgitlenildi
Samsung smartfonlarynyň täze tapgyryny AI Phone diýip täzeçe atlandyrmagy mümkin
“Galaxy Note20 Ultra” : iň gowy ekranly telefon
Dünýäniň iň öndürijilikli smartfonlarynyň reýtingi täzelendi