Hekem HK emlägi bahalandyrmak boýunça hyzmatlaryny hödürleýär

Hekem HK emlägi bahalandyrmak boýunça hyzmatlaryny hödürleýär

Hekem kärhanalar topary müşderilerine emlägi bahalandyrmak boýunça hyzmatlary bermekde uly tejribä eýedir. Bu kompaniýa 2012-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň bazarynda işleýär.

Emlägi bahalandyrmak bu obýektiň bahasyny ýa-da bu obýekte bolan aýry-aýry eýeçilik hukuklaryny kesgitlemäge gönükdirilen hereketleriň toplumydyr. Müşderi fiziki şahs hem, ýuridiki şahs hem bolup biler. Ýagdaýa baglylykda, bahalandyrmak işi meýletin kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň karary bilen ýa-da hökmany kanunyň talaby boýunça geçirilýär.

Hekem kompaniýasy aşakdaky obýektlere professional derejede emlägi bahalandyrma işlerini geçirýär:

• öýler, jaýlar, täjirçilik maksatly gozgalmaýan emläk; • ofisler, dükanlar, önümçilik binalary; • ofis enjamlary, mebeller, ätiýaçlyk şaýlary we materiallar; • önümçilik enjamlary, tehnologiki gurluşlar; • awtoulag serişdeleriniň ähli görnüşleri.

Mundan başga-da, Hekem aşakdaky hyzmatlary hödürleýär:

• işewürligi bahalandyrmak; • intellektual eýeçiligiň obýektlerini bahalandyrmak; • maddy däl aktiwleri bahalandyrmak.

Hekem girew esasynda karz almaga gönükdirilen maksatlar üçin we MHHS-nyň maliýe hasabatlaryny taýýarlamak üçin gaýtadan bahalandyrmak maksady bilen, emlägi bahalanyrmak işini amala aşyrýar.

Hünär jogapkärçiligi, netijelilik, amatly çemeleşme we ýokary hilli hyzmat kärhananyň işiniň esasy ýörelgeleridir. Hekem gysga wagtyň içinde emlägiň takyk we obýektiw bahalandyrylmagyny kepillendirýär.

Aşgabatdaky Hekem kärhanalaryndan maslahat almak we şertnama baglaşmak üçin şu salga ýüz tutp bilersiňiz: 10 Ýyl Abadançylyk köç., 98 (Bäş aýak).

Telefonlar: (+993 12) 47 81 15, (+993 62) 00 70 70.

Elektron poçta salgysy: hekem.info@gmail.com. Web-saýt www.hekem.com.tm.

Ýene degişli makalalar

Rowachlan Galkynysh HK daşary ýurtly müşderileri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge ähmiýet berýär
Nurana Taslama HK Ahal welaýatynda gurulýan täze ýaşaýyş jaý toplumynyň paýly gurluşygyna gatnaşyjylaryň kabul edilişigini yglan edýär
Rowachpack kärhanasynyň polipropilenden taýýarlanýan önümleri halkara ülňülerine laýyk gelýär
Pilim HK müşderilerine tebigy agaçdan we epoksid smoladan taýýarlanan stollary hödürleýär
Kononenko üçin äleme ýörite sowgat eltiler
22-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal