Rowachlan Galkynysh polipropilen gaplaýyş önümleriniň eksportyny artdyrýar

Rowachlan Galkynysh polipropilen gaplaýyş önümleriniň eksportyny artdyrýar

Rowachpack brendi bilen polipropilen gaplaýyş önümlerini öndürmeklige ýöriteleşen Rowachlan Galkynysh hususy kärhanasy eksportyň möçberlerini artdyrýar.

Rowachpack önümleriniň ýokary hili GDA ýurtlarynyň we beýleki sebitleriň bazarlarynda durnukly islegi üpjün edýär. Kärhananyň önümleri diňe gaýtadan işlenilmedik başlangyç çig maldan ýokary tehnologiýaly enjamlarda öndürilýär, bu bolsa olaryň ygtybarlylygyny we berkligini kepillendirýär.

Gaplaýyş materiallarynyň arasynda polipropilen haltalar özüniň köp taraplylygy, ulanyşynyň ýeňilligi we elýeterli bahasy bilen öňdebaryjy orny eýeleýär.

Rowachlan Galkynysh kompaniýasy dürli ululykdaky we dykyzlykdaky polipropilen haltalaryň dürli görnüşlerini hödürleýär.

Rowachpack haltalarynyň ölçegleri:

- ini: 40 sm-den 200 sm-e çenli. - dykyzlygy: 48-den 200 g/m2-e çenli.

Her rulonda agramy we uzynlygy görkezilip, bellik edilýär.

Adaty ululyklardan başga-da, Rowachlan Galkynysh müşderiniň önümiň aýratynlyklary baradaky isleglerini göz öňünde tutup, aýratyn sargyt esasynda haltalary öndürýär.

Polipropilen haltalaryň ulanylýan ugurlary:

• azyk senagaty: un, galla, şeker, duz, iým we beýleki önümleri gaplamak; • gurluşyk pudagy: sement, çäge, çagyl daşy, keramzit gaplamak; • oba hojalygy: dökünleri, tohumlary, haýwanlar üçin iýmlerini gaplamak; • himiýa senagaty: himiki serişdeleri, dökünleri, gurluşyk materiallaryny gaplamak; • hojalyk ulgamy: zibil torbalary, örtük materialy, gidroizolýasiýa.

Rowachpack brendi astynda çykarylýan ähli önümler halkara hil standartlaryna laýyk gelýär.

Rowachlan Galkynysh HK-nyň habarlaşmak üçin maglumatlary: telefonlar: (+993 62) 29 29 69 we (+993 12) 29 29 69; elektron poçta rowachpack@gmail.com.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Rowachlan Galkynysh göterijili ýokary hilli big-beg gaplaryny hödürleýär
Rowachlan Galkynysh hususy kärhanasy önümçiligini artdyrýar
Rowachpack polipropilen haltalary obasenagat toplumynda uly islegden peýdalanýar
Rowachpack kärhanasynyň polipropilenden taýýarlanýan önümleri halkara ülňülerine laýyk gelýär
Rowachlan Galkynysh ürgün materiallary gaplamak we daşamak üçin tutawaçly big-begleri hödürleýär
Mary welaýatynda poliefir we polipropilen süýümlerini öndürýän kärhana açyldy