Heniýýe: "Ot açmazlyk ylalaşygyny baglaşmaga ýakynlaşdyk" diýdi

Heniýýe: "Ot açmazlyk ylalaşygyny baglaşmaga ýakynlaşdyk" diýdi

Hamasyň Telegram hasabynda hereketiň Syýasy býurosynyň başlygy Ismail Heniýýeniň ot açmazlyk bilen bagly beýanatyna ýer berildi.

Heniýýe: "Hereket Katardaky doganlaryna we araçylara jogabyny berdi. Ot açmazlyk ylalaşygyny baglaşmaga ýakynlaşdyk" diýip mälim etdi.

Hamasyň Syýasy býurosynyň agzasy Izzet al-Rişk hem Al Jazeera telewideniýe kanalyna, Ysraýyl bilen garaşylýan ot açmazlyk ylalaşygy bilen bagly beýannama berdi.

Rişk: "Indi iş Katarda. Olar Ysraýyl bilen garaşylýan ot açmazlyk ylalaşygyny beýan ederler. Ylalaşygyň jikme-jikligi öňümizdäki sagatlarda aýan ediler" diýip belledi.

Rişk ylalaşyga laýyklykda, Gaza ynsanperwer kömekleriň girmegi we taraplaryň ikisinden hem zenanlaryň we çagalaryň azat edilmegi bilen ot açmazlyk ylalaşygynyň baglaşyljakdygyny aýan etdi.

Hamasyň ýaragly şahasy Izeddin al-Kassam topary 7-nji oktýabr güni irden Ysraýylyň "Palestinalylara we Aksa metjidi başda bolmak bilen mukaddes gymmatlyklara garşy dowamly häsýetde amala aşyrýan düzgün bozmalaryna garşylyk görkezmek maksady bilen" giň göwrümli hüjümler guran bolsa, Ysraýylyň goşuny şondan soň Gaza sektoryna garşy giň gerimli howa hüjümlerini başlatdy.

Ysraýylda 7-nji oktýabrda guralan hüjümlerde 310-dan gowragy harby bolmak bilen jemi 1200 ysraýyllynyň ýogalandygy, 5132 adamyň hem ýaralanandygy mälim edildi.

Ysraýyla görä Kassam toparynyň elinde 239 ysraýylly ýesir bar.

Gazadaky hökümede görä 7-nji oktýabrdan bäri Ysraýyl tarapyndan guralan hüjümlerde Gazada 5600-i çaga we 3550-si zenan jemi 13 müň 300 adam öldürildi.

Ysraýylyň basyp alyşlygy astyndaky Günbatar Şeriada we Iýerusalimde 7-nji oktýabrdan bäri Ysraýylyň harby güýçleri we ýewreý ýaşaýjylar tarapyndan guralan hüjümlerde 217 palestinaly ýogaldy.

Ysraýylyň goşuny Gazada on müňlerçe ýaralanan adam bilen asuda ilatyň sygynan onlarça hassahanany mejbury ýagdaýda ewakuasiýa etmek üçin nyşana alyp, hüjüm gurady. Basyp alyşlykda käbir hassahanalara girdi. Hüjümlerde ýüzlerçe adam ýogaldy we ýaralandy.

Ysraýylyň goşuny bilen Hizbullahyň arasynda 8-nji oktýabrdan bäri serhetde başdan geçirilýän çaknyşyklarda mundan başgada Hizbullahyň 76 agzasy öldi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň guran hüjüminde Hamasyň Syýasy býurosynyň başlygynyň çagalary we agtyklary ýogaldy
Baky hyzmatdaşlygyň we bileleşigiň 11 resminamasy, Täjigistanyň prezidentiniň Özbegistana eden saparynyň netijesi
Türkmen-eýran serhediniň Sarahs barlag-goýberiş nokady awtomobil gatnawlary üçin açylar, Türkmenistan awiasiýa, deňiz, demir ýol we guryýer ulaglar parkyny giňelder, şu ýyl 50-den gowrak iri desgalar ulanylmaga berler we beýleki habarlar
Aşgabatda jaz sazlarynyň konserti bolar
Owganystanda "beýt Al-Mukaddsesiň" nyşanynyň açylyşy
Hatibzadeh: Abu Akelanyň jaýlanyşyna edilen hüjüm Sionist režiminiň hakyky keşbini görkezdi