Hindi aýdymçysy Lata Mangeşkar aradan çykdy

Hindi aýdymçysy Lata Mangeşkar aradan çykdy

Hindi aýdymçysy, kompozitor we aktrisa Lata Mangeşkar 92 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada ýurduň NDTV teleýaýlymyna esaslanyp, Belta habarlar gullugy habar berdi.

Aktrisanyň koronawirus ýokanjyndan Mumbaý şäheriniň hassahanasynda aradan çykandygy aýdylýar. NDTV teleýaýlymynyň bellemegine görä, Mangeşkar hindi kinosynyň iň görnükli wekilleriniň biri bolmak bilen, ony Hindistanyň bilbili diýip atlandyrýardylar. Ol ýerli kinofilmleriň müňlerçesinde aýdymlary ýerine ýetirdi.

Lata Mangeşkaryň aradan çykmagy bilen bagly Hindistanyň hökümeti 6-7-nji fewraly umumymilli matam günleri diýip yglan etdi.

Aýdymçy zenanyň ýerine ýetiren aýdymlary Sergezdan (Awaara, 1951), Bobbi (Bobby, 1973), Ar we kanun (Sholay, 1975), Gang, seniň suwuň bulandy, şeýle-de Alybabanyň we kyrk garakçynyň başdan geçirenleri atly belli filmlerde ýaňlandy.

Ýene degişli makalalar

Wenom filminiň režissýory Aldawyň boş hyýaly 3-i surata düşürer
“Bollywood”-yň iki meşhur ýyldyzy durmuş gurdy
Täze ýyl jaz sazlary: Röwşen Nepesowyň ýolbaşçylygyndaky orkestr saz muşdaklaryna meşhur aýdym-sazlary we täze sazlaryň üçüsini peşgeş etdi
Gol geçendigi henizem belli däl (Dünýä Kubogy 1966)
Brandcoll müşderilere ähli gerek harydy bir ýerde hödürleýär
18 ýyldan soň awgust aýynda wezipesinden boşadylan ilkinji tälimçi