18 ýyldan soň awgust aýynda wezipesinden boşadylan ilkinji tälimçi

Angliýanyň Premier Ligasynda möwsümiň wezipesinden boşadylan ilkinji tälimçisi Skott Parker boldy. Liwerpuldan 9-0 utulan Bornmut toparynyň tälimçisi 41 ýaşyndaky Parker wezipesinden boşadyldy. Ol 2021-nji ýylyň tomsunda Bornmut bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşypdy. Bornmuty Premier Liga çykaran Parker möwsümiň ilkinji duşuşygynda Aston Willany 2-0 ýeňipdi. Topar şondan soňky 3 duşuşygynda-da ýeňlişe sezewar boldy.

Şeýlelikde, Parker Premier Ligada 18 ýyldan soň awgust aýynda wezipesinden boşadylan ilkinji tälim hökmünde hasaba alyndy.Soňky gezek awgust aýynda 2004/05 möwsüminde Bobbi Robson Nýukasldaky, Pol Starrok bolsa Southemptondaky wezipesinden boşadylypdy.

Robson we Starrokdan öňem Premier Ligada Rudi Gullit, Kenni Dalgliş (ikisem Nýukasl) hem-de Piter Rid (Mançester Siti) dagy hem awgust aýynda tälimçilik wezipelerinden ugradylypdy.

Ýene degişli makalalar

“Ýewropadaky missiýam tamamlandy”
Golaýda tälimçisini çalşan klublar
Braziliýa 3-nji gezek çempion bolan ilkinji ýygyndy (Dünýä Kubogy 1970)
Maradonanyň eli we ikinji çempionlyk (Dünýä Kubogy 1986)
Yzly-yzyna 3-nji finaldan soň, 3-nji çempionlyk
ABŞ Türkmenistandaky täze ilçisini tassyklamak baradaky meselä sereder