Hindistanda Pomidor Dümewine Gabat Gelindi

Hindistanda Pomidor Dümewine Gabat Gelindi

Hindistanyň Kerala we Odişa welaýatlarynda 82 çagada “pomidor dümewine gabat gelindi.

Ze Lanset žurnalynda çap edilen habarnamada, ilkinji keselliniň Kerala welaýatynyň Kollam şäherinde hasaba alynandygy nygtaldy.

Habarnamada, welaýatda wirusa 5 ýaşyna ýetmedik çagalarda gabat gelinendigi bellenildi.

Odişa welaýatynda hem 1-9 ýaş aralygyndaky 26 çagada wirusa gabat gelinendigi habar berildi.

Ýurtda “pomidor dümewi” sebäpli hasaba alynanlaryň sany 82 çaga ýetdi.

Adyny deridäki gyzyl tegmillerden alan “pomidor dümewi” gyzgynyň galmagyna we bogun agrylaryna sebäp bolýar.

Hassalygyň heniz hiç hili bejergisi tapylmady.

Ýene degişli makalalar

“IHS Markit”-i 44 milliard dollara satyn aldy
Formula 1-iň sürüjileri näçe hak alýar?!
Fransiýanyň Super kubogy üçin oýnuň geçiriljek senesi we ýeri kesgitlenildi
PSŽ Fransiýanyň iň Super topary
Awstraliýada 35 kilogramdan gowrak ýüňli ýabany goýun halas edildi
F1-iň täze möwsümi başlaýar