Fransiýanyň professional futbol ligasy “PSŽ” bilen “Marseliň” arasyndaky Super kubok üçin duşuşygyň geçiriljek senesini we ýerini mälim etdi. Oýun 13-nji ýanwarda Lansdaky “Bollart-Delelis” stadionynda geçiriler. Bu barada news.sportbox.ru habar berýär.
Gurama oýnuň geçiriljek ýeri baradaky kararyň epidemiologik ýagdaý sebäpli kabul edilendigini habar berýär. Soňky ýyllar Fransiýanyň Super kubogy beýleki ýurtlarda Hytaýda, Marokkoda, Awstriýada, Kanadada geçirildi. Geçen möwsümiň milli kubogynyň çempiony we eýesi “PSŽ”, şeýle-de Liga 1-iň turnir sanawynda ikinji orny eýelän “Marsel” kubok ugrunda bäsleşer. Parižden gelen topar bassyr 8-nji gezek bu baýragyň eýesi bolup biler.
