Hindistanda tematik parkda bolan ýangynda ençeme adam ýogaldy

Hindistanda tematik parkda bolan ýangynda ençeme adam ýogaldy

NDTV kanalynyň habar bermegine görä, Rajkot şäherindäki tematik parkda düýn agşam ýangyn boldy.

Resmiler sebäbi entek anyklanmadyk ýangynda 9-sy çaga jemi 27 adamyň ýogalandygyny habar berdi.

Ýogalan adamlaryň sanynyň artyp biljekdigi beýan edildi.

Hindistanyň premýer ministri Nerandra Modi X sosial media hasabyndan beren beýanatynda, ýerli dolanşyklaryň ýangynyň täsir ýetiren adamlara kömek berýändigini we waka çuňňur gynanjyny bildirýändigini habar berdi.

Welaýatyň premýer ministri Bhupendra Patel hem wakany derňemek maksady bilen ýörite toparyň döredilendigini mälim etdi.

Polisiýa gullugy tematik parkyň eýesini göz tussaglygyna aldy.

Resmiler bolsa ýogalan adamlaryň maşgalalaryna 12 müň 400 dollar kompensasiýa beriljekdigini aýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň ýolbaşçylaryna Uttar-Pradeş ştatyndaky weýrançylyklar zerarly gynanç bildirdi
Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky medeniýet köprüleri: Aşgabatda filosof şahyr Rabindranat Tagory hormat bilen ýatladylar
Hindistanda şu gün Parlament saýlawlary başlanýar
Eýranyň Prezidentiniň Ýogalmagyna Uly Gynanç Bildirilýär
Hindistanyň saýlaw topary partiýalara özüňi alyp barmagyň düzgünlerini ýatlatdy