Hindistanyň ady üýtgär

Hindistanyň ady üýtgär

Hindistanyň Hökümet derejesinde ýurdy öňki ady bilen, ýagny Bharat diýip atlandyrmagy mümkin. Bu barada The Economic Times ýazýar. Şeýle hem habar beriş serişdeleri degişli kararyň taýýarlanylyşy barada habar berýär.

Karara 18 — 22-nji sentýabr aralygynda ýurduň parlamentiniň ýörite mejlisinde seredilip bilner.

Hindistanyň Milli Kongresiniň ýolbaşçysy Jaýram Rameş sosial ulgamlarda: Indi Konstitusiýanyň 1-nji maddasy şeýle okalar: Bharat, ýagny Hindistan, döwletler bileleşigi diýip, ýazdy.

Habarda bellenilişi ýaly, G20 naharyna resmi çakylyklar, Hindistanyň Prezidentiniň adyndan diýip däl-de, Bharatyň Prezidentiniň adyndan diýlip iberilendigi aýdylýar.

Ýene degişli makalalar

Kofeniň bahasy iň ýokary derejä ýetdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Индия решила сменить название
СООБЩЕНИЕ ДЛЯ СРЕДСТВ МАССОВОЙ ИНФОРМАЦИИ
Gepleşik, gepleşik, gepleşik... Türkmen-özbek gepleşikleri iş ýüzünde nähili netije berýär?
Samsung şereketi Hindistanda smartfon ekranlaryny öndürip başlady