Hindistanyň dolandyryjy partiýasy dört esasy ştatyň üçüsinde ýeňiş gazandy

Häzirki wagtda Hindistanda dowam edýän sebit saýlawlarynda dolandyryjy partiýa “Bharatiýa Janata” partiýasy (BHJ) sesleriň köpüsine eýe boldy. Ol dört möhüm ştatyň üçüsinde ýeňiji boldy. Bu barada ýurduň saýlaw komissiýasynyň resmi web sahypasynda habar berilýär.

Häkimiýet başyndaky partiýa Çhattisgarh ştatynyň mejlisindäki 90 ornuň 52-sine eýe boldy. Merkezi Madhýa-Pradeş welaýatynda BJP partiýasy 230-dan 158, Hindistanyň demirgazyk-günbataryndaky Rajasthan welaýatynda bolsa “Bharatiýa Janata partiýasy” 199 orundan 113-sine eýe boldy.

Şeýle-de bolsa, partiýa Hindistanyň günortasynda – Telangana ştatynda oňyn netijeleri gazanyp bilmedi. Ol bu ýerde kanun çykaryjy mejlisdäki 119 ornuň diňe 9-syny aldy. Bu ştatda garşydaş partiýanyň wekilleri Hindistan Milli Kongresinde ýeňiş gazanyp, 68 orna eýe boldy.

Sebit saýlawlary, indiki ýylyň maý aýynda geçiriljek umumy saýlawlaryň öňüsyrasynda saýlawçylaryň pikirini ýüze çykarmakda aýratyn ähmiýete eýedir diýip, synçylar belleýärler.

Ýene degişli makalalar

Trampyň ýeňişi we ABŞ…
ABŞ-nyň Dini azatlyklar komissiýasy: Türkmenistan dini azatlygy bozmagyny dowam etdirýär
Tramp wezipelere belledi
Meksikada 1100 sany mariaçi bir wagtda aýdym aýdyp, rekord goýdular
Sýuzan Waýls Ak tamyň diwanyna ýolbaşçylyk eder
Mejlisiň Başlygy Numan Kurtulmuş Braziliýada Saparda Bolar
ABŞ-da Saýlaw Bäsleşiginde Tramp Öňde Barýar