Hindistanyň prezidentiniň medeni maksatnamasy we Serdar Berdimuhamedowyň ýanýoldaşynyň ilkinji suraty

Hindistanyň prezidentiniň medeni maksatnamasy we Serdar Berdimuhamedowyň ýanýoldaşynyň ilkinji suraty

1-4-nji aprelde Hindistanyň prezidenti Rama Natha Kowind Türkmenistana ilkinji döwlet saparyny etdi. Ol aýaly Sawita Kowind bilen Aşgabada sapar etdi.

Prezidentiň hormatyna ýörite medeni maksatnama gurnaldy.

Hususanda,Ram Kowind Gypjak obasyna baryp, Türkmenistanyň ilkinji prezidentiniň mawzoleýine gül goýdy diýip TDH habar berdi. Şeýlede Hindistanyň prezidenti Garaşsyzlyk ýadygarligine hem gül goýdy we hormatly myhmanlaryň Alleýasynda agaç nahalyny dikdi.

Aşgabatdaky “Ýyldyz” myhmanhanada Ram Kowind bilen Hindistanyň tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasy (HTYHM), medeni gatnaşyklar barada Hindi Geňeşi boýunça bilim alan we hünärini ösdürmek sapaklaryny geçen, Türkmenistanyň ýoj-da hindi dilini öwrenýän türkmenistanlylar bilen duşuşdy.

Hindi prezidentiniň metbugat gullugynyň habaryna görä, 1993-nji ýyldan bäri 400 sany Türkmenistanly HTYHM sapaklaryny aldylar.

Mundan başga-da, Ram Kowind halkara gatnaşyklar Institutynda “hindi burçyny” açdy. Hindistanyň hökümeti bolsa, onuň üçin öz ýurdy barada kitaplary,kompiýuterleri, saz gurallaryny we beýleki materiallary berdi.

Kärdeşiniň saparynyň hormatyna Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow agşamlyk naharyny berdi we oňa prezidentleriň aýallary hem gatnaşdylar.

Hindistanyň birinji hanymy Sawita Kowind üçinem ýörite medeni maksatnamalar gurnaldy. Ol “Bagt köşgüne” baryp gördi, Aşgabatdaky seýilgähleriň birinde gezdi we türkmen halylarynyň Milli müzeýine sapar etdi.

“TH-niň” owal beren maglumatlaryna görä, Hindistanyň prezidenti Ram Kowind we kärdeşi kiçi Berdimuhamedow ýokanjyň ýaýramagy, Owganystandaky ýagdaýlary, iki ýurdyň söwda, ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek TOPH gaz geçiriji taslamasy, Demirgazyk-Günorta ulag koridory, medeni gatnaşyklar we tebigy betbagtçylyklar barada gepleşikler geçirdiler.

Bu gepleşiklerden soňra dört sany resminama gol goýuldy.

The post Hindistanyň prezidentiniň medeni maksatnamasy we Serdar Berdimuhamedowyň ýanýoldaşynyň ilkinji suraty first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Hindi Lideri Türkmenistanyň birinji Prezidentini hatyralady
HINDISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARY BAŞLANDY
Hindistanyň Prezidenti Aşgabadyň medeni we sport desgalaryna bardy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda gepleşikler geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda gepleşikler geçirildi
Hindistanda Prezident saýlawy geçiriler