Höwesjeň altyn almak üçin 200 smartfony sökdi

Höwesjeň altyn almak üçin 200 smartfony sökdi

Hytaýyň Weibo sosial ulgamynyň Chef Alchemist lakamly ulanyjysy näçe altyn alyp boljakdygyny anyklamak üçin, 210 sany smartfony bölekledi. Emma onuň synaga eden çykdajysy alnan netijeden gymmat boldy diýip, My Drivers neşiri ýazýar.

Smartfonlaryň platasyndaky kiçigurluşlardan altyn almak üçin Chef Alchemist birnäçe dowamly himiki synaglary geçirdi. Ahyrky netijede oňa bary-ýogy 0,41 gram altyn almak başartdy, bazarda onuň bahasy takmynan 30 amerikan dollaryna deňdir, emma şunda bir platany satyn almak üçin synagçy 315 amerikan dollaryny harçlady.

Senetçilik şertlerinde altyny kiçigurluşlardan almagyň düýbünden peýdasyzdygyna garamazdan, My Drivers neşiri elektron zibili kärhana derejesinde gaýtadan işlemegiň iňňän bähbitli bolup biljekdigini ýazýar. Hytaý žurnalistleriniň hasaplamalaryna görä, 1 million platadan 16 tonna mis, 350 kilogram kümüş, 34 kilogram altyn we 15 kilogramdan gowrak palladiý alyp bolar.

Ýene degişli makalalar

Apple satuwlar boýunça ilkinji gezek Samsungdan öňe geçdi
Uklamazdan öň telefon ulanmagyň zyýanlydygy baradaky pikir ýalana çykaryldy
Xiaomi ýedi sany meşhur modelini könelişen diýip yglan etdi
2022-nji ýylyň iň gowy Android smartfonlary kesgitlenildi
Samsung täze Galaxy A23 5G bilen tanyşdyrdy
Apple iOS 16-nyň täze beta-wersiýasyny çykardy
Huawei 2020-nji ýylyň III çärýeginden bäri ilkinji gezek çärýek girdejisini ýokarlandyrdy