Hokkeý boýunça halkara ýaryşa bagyşlanan mediaforum geçirildi

Hokkeý boýunça halkara ýaryşa bagyşlanan mediaforum geçirildi

Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň "Sport" myhmanhanasynyň mejlisler jaýynda türkmen paýtagtynda geçirilýän şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşa bagyşlanan mediaforum boldy. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, mediaforuma Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň hokkeý federasiýalarynyň ýolbaşçylary, ýaryşa gatnaşýan toparlaryň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mediaforumda aýdylyşy ýaly, ýaryşa Bahreýniň, Belarus Respublikasynyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Omanyň, Russiýanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň klub toparlary gatnaşarlar. Onda Türkmenistana ýurduň sekiz gezek çempiony “Galkan” topary wekilçilik eder.

Halkara ýaryşy geçirmek üçin Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň hokkeý federasiýasy tarapyndan toplumlaýyn işler ýerine ýetirildi. Ýaryşyň ähli duşuşyklarynyň geçiriljek ýeri bolan Gyşky oýunlar sport toplumynda türgenler, şeýle hem myhmanlar we janköýerler üçin zerur şertler döredildi. Ýurduň ýedi ýokary okuw mekdebiniň talyplaryndan 200 meýletinçi taýýarlanyldy.

Myhmanlar üçin ýörite medeni maksatnama hem taýýarlanyldy. Onda myhmanlaryň Türkmenistanyň muzeýlerine, “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna, Olimpiýa şäherjiginiň sport toplumlaryna, “Berkarar”, “Aşgabat”, “Arkaç” söwda-dynç alyş merkezlerine, şeýle hem Arkadag şäheriniň gözel künjeklerine baryp görmekleri göz öňünde tutulýar.

Ýaryşyň maksatnamasynda tälimçileriň we eminleriň halkara okuw maslahatlarynyň geçirilmegi-de meýilleşdirilýär. Olaryň biri "Sport" myhmanasynyň mejlisler jaýynda geçirildi. Ol Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyndan hem-de Belarus Respublikasyndan halkara derejeli eminler Anton Lawrentewiň we Dmitriý Kolýagyň, Russiýadan halkara derejeli tälimçi Aýwaz Halikowyň gatnaşmagynda guraldy.

Mediaforumyň dowamynda žurnalistler “Galkan” toparynyň ýaryşlara taýýarlyk derejesi bilen tanyşdyryldy.

Ýene degişli makalalar

AŞGABATDA GEÇIRILJEK HALKARA HOKKEÝ ÝARYŞYNA BAGYŞLANAN MEDIAFORUM
Aşgabatda halkara hokkeý ýaryşynda ýeňiji bolan "Galkan" toparyny sylaglamak dabarasy geçirildi
GALKAN HOKKEÝ TOPARYNYŇ TÜRGENLERINIŇ WE TÄLIMÇILERINIŇ HORMATYNA DABARA
Türkmenistanda hokkeý boýunça halkara ýaryşy geçirmäge taýýarlyk görülýär
“Galkan” topary hokkeý boýunça halkara ýaryşyň kubogyna mynasyp boldy
Serdar Berdimuhamedow galla oragynyň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy, türkmenistanlylara täze operanyň ilkinji görkezilişi garaşýar, Türkmenistanda maliýe gözegçiligi boýunça hünärmenleriň ilkinji gutardyşy boldy we beýleki habarlar