Horge Žesus 2-nji gezek Benfikanyň tälimçisi boldy

Şu möwsümde çempionlygy Porto toparyna aldyran Benfika topary ozalky tälimçisi Horge Žesusy wezipä belledi.Braziliýanyň Flamengo topary bilen şertnamasyny ýatyran 65 ýaşly Horge Žesus portugal kluby bilen 3 ýyla niýetlenen geleşige gol çekişdi.

Ozalam 2009-2015-nji ýyllar aralygynda Benfika toparyna tälim beren Žesus 13 aý öň Flamengo bilen şertnama baglaşypdy.Ussat tälimçi brazil toparyna ýurduň çempionlygyny hem-de 38 ýyldan soň Kopa Libertadoresde çempionlyk gazandyrypdy. Žesus karýerasy boýunça Witoriýa Gimaraýnş, Braga hem-de Sporting toparlarynda-da işledi.

Ýene degişli makalalar

Geljegiň 60 ýyldyz futbolçysy
Hüjümçilerden köp gol geçiren derwezeçiler
38 ýyldan soň finala çykdy
38 ýyldan soň çempion boldy
Flamengo Libertadores Kubogyna mynasyp boldy
Dünýä Kubogynyň bijeleri 5-nji dekabrda çekiler