Horlanmaga kömek edýär

Eger-de adam artykmaç agramdan dynmaga we ony tizleşdirmäge tagalla edýän bolsa, onda özüniň iýmit sanawyna ýaňadandan nazar aýlamalydyr. “The Health” saýtynyň ýazmagyna görä, bilermenler ertirlik naharynda kofe ýa-da çaý bilen hökman ýumurtga iýmegi maslahat berýärler.

Geçirilen barlaglarda sport zallaryna gatnaýan köp türgenleriň kofe içýänligi belli bolupdyr.Bilermenler kofä ýumurtga goşulan ýagdaýynda peýdaly täsiriň has-da artýandygyny öňe sürýärler.Alymlar Wengriýa, Skandinaw ýurtlarynda, Wýetnamda we beýleki käbir ýurtlarda gyzgyn gara kofä çig ýumurtga goşýandyklaryny muňa delil hökmünde görkezýärler.

Häzir bu garyndy türgenleşige başlamazdan ozal, içilýän içgi hökmünde has meşhurlyk gazanýar. “Eger-de çig ýumurtga içilende “salmonellez” ýaly halatlar ýüze çykyp, aşgazan-içege traktyna zeper ýetirmezmi?” diýen ýaly sowallar orta çykýar. Ýöne alymlar gyzgyn kofäniň ony howpsuz ýagdaýa getirýändigini we bakteriýalaryň ýokary temperatura döz gelip bilmeýändiklerini tassyklaýarlar. Şeýle hem 2013-nji ýylda ýapon şereketi “Kao Japan” “Healthya” atly kofe öndürip, onuň ýag çökündilerini köýdürýändigini öňe sürüpdi.

Ýene degişli makalalar

TURKMENISTAN AND UNOPS: NEW LANDMARKS OF COOPERATION FOR THE ATTAINMENT OF THE SUSTAINABLE DEVELOPMENT GOALS
Tiz kömek ulagynyň ýerine taksi
22.07.2018 | Türkmenabatda Merkezi Aziýada iri köpugurly hassahana işläp başlady
Türkmenabadyň innowasion hassahanasy daşary ýurtly näsaglary kabul edip biler
10.04.2019 | Türkmenistan keselleriň öňüni almakda güýçli hem-de yzygiderli öňdeligi üçin BSGG-niň ýokary bahasyna mynasyp boldy
Turkmen-Russian high-level negotiations were held in Ashgabat